Kitaphana
Ylmy-tehniki kitaphana Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň (HNGU) gurluş bölümi bolup durýar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň kitaphanasy 2012-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň kitaphana gaznasy 109398 ekzemplýardan ybarat. Kitaphana gaznasynyň 29435 sany rus we daşary ýurt dillerinde ýazylan, 79963 sanysy bolsa türkmen dillinde ýazylan kitaplardyr.
Kitaphana gaznasy ylmy-tehniki neşirlerinden, okuw kitaplardan, çeper edebiýatlardan, syýasy-jemgyýetçilik, gazet-žurnallardan ybarat. Kitaphananyň gaznasy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Bilim” Merkezi bazasyndan alynýan syýasy, çeper, okuw kitaplary bilen yzygider doldurylýar.
Kitaphanada talyplaryň okamaklary üçin ähli zerur şertler döredilen.
Kitaphanada 2012-nji ýyldan bäri elektron kitaphana işleýär. Bu elektron kitaphanada 96 sany kompýuter elektron ulgama birikdirilip, häzirki wagta elektron kitaplarynyň 6586-si ýerleşdirilen we okyjylara elýeterli üpjün edilýär. 3726 sany rus we daşary ýurt dillerindäki, 2860 sany türkmen dilindäki elektron kitaplardyr.
Kitaphananyň işiniň esasy ugurlary:
- uniwersitetiň profiline, bilim maksatnamalaryna we ulanyjylaryň maglumat zerurlyklaryna laýyklykda kitaphananyň gaznasyny döretmek arkaly uniwersitetiň talyplarynyň ýokary hilli bilim almagyna hem-de uniwersitetiň ylmy we innowasion işlerini ösdürmäge ýardam etmek;
- iri we ýöriteleşdirilen kitaphanalar tarapyndan ulanyjylara berilýän maglumatlaryň we bibliografiki hyzmatlaryň gerimini giňeltmek;
- talyplar bilen aýry-aýry söhbetdeşlikler arkaly maglumat-bibliografik bilimleri wagyz etmek;
- kitap gaznasyny saýlamak, toplamak, ulgamlaşdyrmak;
- esasy ulanyjylaryň toparlary üçin maglumatlary tiz almak we gaznalary elýeterli etmek;
- resminamalaryň çap edilen we elektron görnüşlerinde netijeli maglumat gözlemek mümkinçiligini döretmek;
- gaznalaryň tükelligini üpjün etmek;
- kitaphana tarapyndan hödürlenýän hyzmatlar barada habar bermek we ş.m.

HNGU-nyň okuw we ylmy-barlag işlerinde maglumat - kitaphana üpjünçiligi:
- ulanyjylara okalgalarda we kitap sargyt edilýän otaglarda resminamalar we elektron çeşmeler, elektron resurslar we maglumat-bibliografiki hyzmatlar, bilimiň we neşirleriň dürli görnüşleri boýunça netijeli hyzmat etmek;
- ulanyjylara maslahat bermek, sargytlaryň ähli görnüşlerini ýerine ýetirmek;
- hyzmatlar, kitaphananyň çeşmeleri we hyzmatlaryň tizlenmegi, şeýle hem bilim, innowasiýa we ylmy işleriň maglumat goldawy barada maglumat bermek maksady bilen, uniwersitetiň fakultetleri, kafedralary we ylmy-barlag işlerini alyp barýan bölümleri bilen özara gatnaşygy saklamak;
- mugallymlaryň, hünärmenleriň, alymlyk derejesine dalaşgärleriň we aspirantlaryň şahsy maglumat hyzmatlary;
- kitaphana täze gelip gowşan, kitaphanada ozal bar bolan elektron çeşmeler, olary ulanmak üçin ygtyýar almagyň tertibi barada maglumat bermek;
- beýleki kitaphanalardan resminamalary elektron görnüşde bermek we maglumat goruny ulanmak hyzmatlary.
Habarlaşmak üçin:
- Salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 8, Baş bina, 1-nji gat, otag 113
- Tel: (+99312) 39-13-16
- Faks: (+99312) 39-14-00
- E-mail:iuog@online.tm
- Web-saýt:iogu.edu.tm