Okuw bölümi

Okuw bölümi

Okuw bölüminiň işiniň esasy ugurlary

       Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň (HNGU) okuw bölümi sanly bilim ulgamyny yzygiderli durmuşa geçirmek we ony kämmilleşdirmek. Döwrüň talabyna laýyklykda okuw işini guramak, talyplara ýokary hilli bilim bermek, mugallymlary, hünärmenleri taýýarlamak we işgärleri gaýtadan taýýarlamak işlerini ýola goýmak.

Bölümiň wezipeleri:

  • Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýruklaryny, talaplaryny, görkezmelerini, gözükdirijilerini we kadalaşdyryjy hukuk namalaryny okuw işinde amal etmek;
  •  Okuw bölüminiň esasy wezipesi okuw işlerini döwriň talabyna laýyklykda guramak we gözegçilik etmek;
  •  uniwersitetde okuw işlerini guramakda Türkmenistanyň ýokary hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň işlerini guramak boýunça usuly gözükdirijilerini, okuw-usulyýet we beýleki işleriň esasy görnüşlerini düzgünleşdirmek;
  • uniwersitetiň işini kadalaşdyrýan içerki tertip kadalaryny we beýleki degişli resminamalary işläp düzmek;
  • professor-mugallymlaryň we talyplaryň bilimini çuňlaşdyrmak boýunça okuw maslahatlary guramak;
  • ýokary taýýarlykly işgärlere we ýokary bilimli hünärmenlere bolan talaplary kanagatlandyrmak;
  • professor-mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak;
  • okuw sapaklarynyň tertipleri düzülende fakultetleriň, bölümleriň we beýleki gurluş düzümleriniň işini utgaşdyrmak.

Bölümiň ygtyýarlyklary:

  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň düzgünlerine laýyklykda we HNGU-nyň iş şertlerini göz öňünde tutup, okuw işleriniň ýyllyk meýilnamasyny düzýär;
  • okuw işleriniň grafigini, okuw sapaklarynyň, aralyk jemlemeleriniň, hasap-synaglarynyň tertiplerini düzýär;
  • bilim beriş işlerini talabalaýyk guramagy, işgärleri seçip almagy Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna we düzgünnama laýyklykda amala aşyrýar.
  • okuwlaryň tertibiniň berjaý edilşine we okuw dersleriniň okadylyşynyň hiline, aralyk jemlemeleriň geçirilişine gözegçilik edýär;
  • döwlet synag toparynyň (DST) işini resmi taýdan taýýarlaýar we üpjün edýär;
  • kafedralarda okuw ýüküniň göwrümini hasaplamagyň dogrulygyna gözegçilik edýär;
  • okuw meýilnamalaryny, esaslyk okuw maksatnamalaryny we okuw maksatnamalaryny, bilim beriş işlerini üpjün etmek üçin zerur bolan beýleki okuw-usuly resminamalary işläp düzýär;
  •  ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň öňdebaryjy hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw-usuly çäreleri guraýar;
  • bellenen ölçeglere we talaplara laýyklykda, okuw işlerini maddy-tehniki taýdan üpjün etmek we enjamlaşdyrmak, okuw otaglaryny abzallaşdyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak işlerini alyp barýar;
  • okuw meseleleri baradaky hatlara jogap berýär we güwänamalary düzýär;
  • okuw kitaplaryny, okuw gollanmalaryny we beýleki okuw-usuly edebiýatlary we resminamalary taýýarlamagy ýola goýýar;
  • mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça işleri meýilleşdirýär we resminamalary alyp barýar;
  • talyplaryň okuw, önümçilik we diplomyň öň ýanyndaky tejribeliklerini gurnamak we geçirmek boýunça fakultetleriň we kafedralaryň işini utgaşdyrýar;
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, rektoryň buýruklarynyň we okuw işleri boýunça prorektoryň görkezmeleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär.

Habarlaşmak üçin:

  • Salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 8, Baş bina, 7-nji gat, otag 713
  • Tel: (+99312)39-13-05
  • Faks: (+99312)39-14-00 
  • E-mail: iuog@online.tm
  • Web-saýt: iogu.edu.tm