Bilim ministrligi MenTalyp atly täze programmany işe girizdi
Türkmenistanyň Bilim ministrligi MenTalyp atly täze programmany işe girizdi. Bu programma dalaşgärlere ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglaryny tabşyrmak üçin taýýarlyk görmek maksady bilen döredildi.
Täze programmada esasy mekdep dersleriniň ählisi boÿunça soraglar we jogaplar ýerleşdirilen, şeýle hem ulgamlaşdyrylan we elýeterli okuw materialy hödürlenilýär.
Täze sanly platforma geljekki talyplara taýýarlyk işinde goldaw bermäge, okuw prosesini has netijeli we gyzykly etmäge hem-de ýokary okuw mekdebine girmezden ozal öz güýçli we gowşak taraplaryňy kesgitlemäge niýetlenendir.
Ýükläp almak üçin: https://play.google.com/store/apps/details?id=com.talyp.me.app hem-de http://sapalyjay.com.tm/
