Hytaýyň nebit uniwersitetine okuw sapary
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň arasynda baglaşylan özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň guramagynda uniwersitetiň 10 sany talybyny hem-de 1 ýolbaşçy mugallymyny 2023-nji ýylyň 6-27-nji awgusty aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Hytaýyň nebit uniwersitetine okuw saparyna ugradyldy.
Okuw saparynyň meýilnamasyna laýyklykda uniwersitetiň talyplary Hytaýyň nebit uniwersiteti, onuň muzeýleri, tejribehanalary, okuw merkezleri bilen tanyşdyryldy. Tejribeligiň dowamynda CNPC kompaniýasyna we onuň önümçilik desgalaryna, Hytaýyň geologiýa muzeýine, Hytaýyň ylym we tehnika muzeýine, Beýik Hytaý diwaryna baryp gördüler. Şeýle hem talyplar “Hytaý diliniň esaslary”, “Hytaý medeniýeti” boýunça hem-de “Ýaşyl energiýa, uglerod zyňyndylaryny azaltmak”,“Nebitiň we gazyň gelejegi”, “Ýüpek ýoly boýunça energetiki hyzmatdaşlygyň gelejegi” atly gysga möhletli okuwlara gatnaşdylar. Toparyň ýolbaşçysy uniwersitetiň ýaş mugallymy Hytaýyň nebit uniwersitetinde okuw-usuly ýetişleriniň gurnalyşy, okuw meýilnamalarynyň we maksatnamalarynyň düzülişi, ýerine ýetirilişi, ylmy-barlag işleriň alnyp barlyşy, ylmy-barlag işleri geçirilýän tejribehanalar we talyplaryň ylmy-barlag işlerine çekilişi hem-desanly tehnologiýalaryň bilim ulgamyna ornaşdyrylyşy bilen giňden tanyşdy.