
Türkmen Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrarlanmagy
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň 19-njy fewralynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary “Altyn asyr” Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde “Türkmen Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrarlanmagy” atly söhbetdeşligi taýýarlap, teletomaşaçylara hödürledi. Söbetdeşlige uniwersitetiň professory N. Suwhanow, uniwersitetiň mugallymlary M. Kullaýewa hem-de G. Meredow dagylar gatnaşdy. Söbetdeşligi Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy J. Sapargulyýewa alyp bardy.
Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy beýik işlere, täze üstünliklere ruhlandyrýan şygaryň we ýylyň nyşanynyň many-mazmuny hakynda aýratyn beýan etdiler. Olar türkmen Bitaraplygynyň ýer ýüzünde ykrarlanmagy, ýurdumyzyň iri halkara gurama bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen uzak ýyllaryň dowamyndaky köpugurly we netijeli hyzmatdaşlygynyň has-da ilerleýändigini bellediler. Türkmen Bitaraplygynyň parahatçylyk dörediji ýörelgeleri onuň baş aýratynlygy bolup durýar. Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary bilen gatnaşyklaryny giňeltmek we pugtalandyrmak, hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri bar. Ýylyň şygary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny ýokary derejede bellemekde, halkymyzy ýurtda alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Söbetdeşlikde şular dogrusynda täsirli çykyşlar boldy.