Geologik   kartalaşdyrma  we  markşeýder  işi  kafedrasy  2019-njy  ýylda  döredildi. Kafedra  Geologiýa  fakultetiniň düzüm  bölegi bolmak  bilen, uniwersitetiň  möhüm  gurluş  bölümleriniň  biridir.

     Kafedranyň  esasy  wezipesi  okuw-terbiýeçilik,  ylmy-barlag  we  taslama  işlerini  döwrüň  talabyna  laýyklykda  guramak  we  ýola goýmak  bolup  durýar.

     Ýagşygeldi   Kakaýew   adyndaky  Halkara   nebit   we   gaz uniwersitetiniň   Geologiýa   fakultetiniň   Geologik  kartalaşdyrma  we  markşeýder  işi  kafedrasynda  Türkmenistanyň  Nebitgaz  toplumynyň “Türkmengaz” döwlet konserni, “Türkmennebit” döwlet konserni, “Türkmengeologiýa”  döwlet  korporasiýasy,  Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi we pudaklaýyn dolandyryş edara-kärhanalary  üçin “Geologik   kartalaşdyrma  we   magdan   ýataklarynyň  gözlegi” hem-de “Markşeýder işi”  hünärleri   boýunça  ýokary  bilimli hünärmenler  taýýarlanylýar.

        Kafedra “Geologik  kartalaşdyrma  we  magdan  ýataklarynyň  gözlegi” hem-de “Markşeýder  işi” hünärleri  boýunça  ýokary bilimli dag  inženerlerini  goýberýär.

     Kafedranyň düzümine şu aşakdakylar degişlidir:

     - Peýdaly gazma baýlyklar tejribehanasy;

     - Geotehnologiýa tejribehanasy.

img