Nebit we gaz guýularyny burawlamak kafedrasy 2012-nji ýylda döredildi. Kafedra Nebit we gaz fakultetiniň düzüm bölegi bolmak bilen, uniwersitetiň möhüm gurluş bölümleriniň biridir.
Kafedranyň esasy wezipesi okuw-terbiýeçilik, ylmy-barlag we taslama işlerini döwrüň talabyna laýyklykda guramak we ýola goýmak bolup durýar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Nebit we gaz fakultetiniň Nebit we gaz guýularyny burawlamak kafedrasynda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň “Türkmengaz” döwlet konserni, “Türkmennebit” döwlet konserni, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy hem-de dolandyryş müdirlikleri we edara-kärhanalary üçin “Nebit we gaz guýularyny burawlamak” hünäri boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar.
Kafedra “Nebit we gaz guýularyny burawlamak” hünäri boýunça ýokary bilimli dag inženerlerini goýberýär.
Kafedranyň düzümine şu aşakdakylar degişlidir:
- Beýik Britaniýanyň “DrillSim-5000” okuw-türgenleşik toplumy;
- Buraw erginleri we tamponaž kompozisiýalary tejribehanasy;
- 1 sany kompýuter otagy;
- 1 sany ýöriteleşdirilen okuwotagy.