TÄZELIKLER

img

Daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri, kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak barada iş maslahaty geçirildi.

24 Mart 2023

   Berkarar döwletiň taze eýýamynyň Galkynyşy döwründe we “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” 2023-nji ýylyň 24-nji martynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri, kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak barada iş maslahaty geçirildi.

   Iş maslahatynyň umumy mejlisine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýolbaşçylary, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň wekilleri, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň “Internasional Ltd” Türkmenistandaky şahamçasynyň, “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” we “Dragon Oýl (Türkmenistan) Ltd” kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

   Şeýle hem wideoaragatnaşyk arkaly Awstriýa Respublikasynyň Leoben dag-magdan uniwersitetiniň, Koreýa Respublikasynyň Inha uniwersitetiniň, Italiýanyň Turin politehniki uniwersitetiniň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Swikau Günbatarsakson ýokary okuw mekdebi-Amaly ylymlar uniwersitetiniň, Rumyniýanyň Ploýeşti Nebit-gaz uniwersitetiniň, Islam Karimow adyndaky Daşkendiň döwlet tehniki uniwersitetiniň, I.M. Gubkin adyndaky Russiýa döwlet nebit we gaz uniwersitetiniň, Belarus döwlet tehnologik uniwersitetiniň hem-de Belarus Respublikasynyň Ýefrosiniý Poloskiý adyndaky Polosk döwlet uniwersitetiniň rektorlary we wekilleri işjeň gatnaşdylar.

   Iş maslahatynyň esasy maksady, uniwersitetiň daşary ýurtlaryň kompaniýalary we ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen baglaşylan özara bähbitli Ähtnamalardan, Şertnamalardan we Ylalaşyklardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek, hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we ösdürmek, ylym-bilim ulgamyna innowasion usullary ornaşdyrmak, tejribe alyşmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.