TÄZELIKLER

img

Saglyk-baýlyk

05 Aprel 2024

    Türkmenistan döwleti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň bilelikdäki maksatnamasynyň çäklerinde Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň guramagynda Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherjiginde ýokary okuw mekdepleriniň talyp türgenleriniň gatnaşmagynda sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça 800 metr aralyga ylgamakda ýaryş geçirildi.

    “ Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Türkmenistan – bagtyýar, sagdyn we ruhubelent ýaşlaryň ýurdy” atly köpçülikleýin ylgaw ýaryşynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Geologiýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Pena Babanyýazow 800 metr aralygy 1 minut 59 sekuntda geçip, baýrakly birinji orny eýelemegi başardy.

    Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanýan ýaşlarymyz dürli ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.