TÄZELIKLER

img

Fijitalyň üstünlikleri

06 Aprel 2024

    Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasynyň, Türkmenistanyň Milli elektron sport federasiýasynyň bilelikde gurnamagynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda “ Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýylyň 1-6-njy apreli aralygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Hereketli we sanly sport – sportda innowasiýalar” atly (physical+digital) sportuň täze fijital+futbol (futbol wideo oýun simulýatory+5x5 futzal) görnüşi, fijital+basketbol (basketbol wideo oýun simulýatory 3x3 basketbol) görnüşi, fijital+stol tennis (stol tennis wideo oýun simulýatory+stol tennis türgenleşdiriji elektron enjamynda) görnüşi, fijital+karate-do (durkun ýagdaýda göreş oýun simulýatory+karate-do) görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirildi.

    Ýaryşa Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Nebit we gaz fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Annadurdyýew Bäşimmyrat sportuň täze fijital+karate-do görnüşinden 75 kg agramda üstünlikli çykyş edip, I orna mynasyp boldy.

    Şol ýaryşda sportuň täze fijital+futbol görnüşinden Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Ýangibaýew Atajan, Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Magtymow Aýmyrat, Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Begmämmedow Perman, Geologiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Nepesow Rahatmyrat, Nebit we gaz fakultetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby Hanow Süleýman üstünlikli çykyş edip, III orna mynasyp boldular.

    Türgenlerimiziň dünýä derejesindäki üstünlikli çykyşlary sporty söýüjilerde guwanç, buýsanç duýgularyny döredýär.