TÄZELIKLER

img

Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndysynyň üstünligi

17 Maý 2024

      Türkmen türgenleriniň iri halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy hormatly Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň alyp barýan sport syýasatynyň hem-de ýurdumyzyň türgenleriniň sportda gazanýan üstünlikleriniň dünýäniň ýüzünde ykrar edilýändigini aýdyň görkezýär.

      Türkmenistanda ýokary derejeli sport we köpçülikleýin-bedenterbiýe hereketiniň ösmegi, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek üçin giňişleýin çäreleriň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň üns merkezinde saklanýar. Soňky ýyllarda türkmen sportynyň dünýä abraýy barha artýar.

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty, olimpiýa hereketini ösdürmek asylly ýörelgä öwrüldi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek, halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamak hem-de olaryň iri sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

      Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndysy şu ýylyň 9-17-nji maýy aralygynda Pakistanyň Yslamabat şäherinde geçiriljek «CAVA Voleyball Nations League» Aziýa oýunlaryna gatnaşdy. Yklym ýaryşyna ýokary derejede taýýarlyk görmek üçin Türkmenistanyň woleýbol ýygyndysy 4-10-njy maý aralygynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde özüniň okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçdiler.

      2024-nji ýylyň 11-17-nji maýy aralygynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabad şäherinde “Merkezi Aziýa Woleýbol Assosiasiýasynyň Milletler Ligasy” atly halkara ýaryş geçirildi we oňa Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndysy gatnaşdy.

      Bu ýaryşa Aziýanyň 6 (alty) döwletiniň: Pakistan Yslam Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Şri-Lankanyň we Gyrgyzystan Respublikasynyň woleýbol ýygyndy toparlary gatnaşdylar.

      11-nji maýda, ýaryşyň ilkinji oýnunda biziň milli ýygyndymyz Eýran Yslam Respublikasynyň milli ýygyndysyndan 3:2 hasaby bilen ýeňlişe sezewar boldy. Muňa garamazdan, biziň ildeşlerimiz ýaryşyň ikinji oýnunda, ýagny 12-nji maýda Gyrgyzystan Respublikasynyň milli ýygyndysyny 3:0 hasaby bilen ýeňmegi başardylar.

      Şeýle hem, 15-nji maýda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Owganystan Yslam Respublikasynyň milli ýygyndysyny 3:1 hasaby bilen ýeňmegi başardy. 16-njy maýda bolsa Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndysy Şri-Lankanyň woleýbol milli ýygyndysyny 3:0 hasaby bilen utmagy başaryp, “Merkezi Aziýa Woleýbol Assosiasiýasynyň Milletler Ligasy” atly halkara ýaryşynda final oýnunda çykyş etmäge hukuk gazandy .

      Final oýny şu ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň woleýbol ýygyndysy bilen ýer eýeleri bolan Pakistan Yslam Respublikasynyň milli ýygyndysynyň arasynda geçdi. Oýnuň jemleri boýunça Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndysy Pakistan Yslam Respublikasynyň milli ýygyndysyndan soň, ikinji ýeri eýeläp, Merkezi Aziýa Woleýbol Assosiasiýasynyň Milletler Ligasynda (CAVA) kümüş medala mynasyp boldy.

      Ýaşlaryň sportda täze belentliklere ýetmegi, gazanýan üstünlikleri bilen ata Watanymyzyň abraýyna abraý goşmagy babatda edýän bimöçber aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyk bildirýäris.

img