Ylmy-okuw merkezler

Ylmy-barlag we okuw merkezi

11 Maý 2023

     Türkmen halkynyň  Milli Lideri hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýanynda mugallymlary, ylmy işgärleri, nebitgaz pudagy boýunça alymlyga dalaşgärleri taýýarlamak maksady bilen, Merkez döredildi.

     Merkeziň esasy maksady, ylmyň we tehnologiýalaryň  ileri tutulýan ugurlary boýunça  düýpli we amaly ylmy-barlag hem-de taslama işleri alyp barmak, mugallymlaryň, nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň we işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak hem-de olary gaýtadan taýýarlamak boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak.

     Merkeziň esasy wezipeleri şu aşakdakylardan ybaratdyr:

  • ylmy işgärleriň, professor-mugallymlaryň, talyplaryň taýýarlan ylmy işlerini, innowasiýalaryny we oýlap tapyşlaryny önümçilige ornaşdyrmak;
  • daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen ylym-bilim babatynda tejribe alyşmak. Uniwersitetde daşary ýurtly tanymal professor-mugallymlarynyň uzak aralykdan sapak okatmaklaryny işjeňleşdirmek;
  • nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenler taýýarlananda abraýly halkara bilim edaralaryny, Petronas, Dragon Oil, CNPC, Hyundai, LG we beýleki kompaniýalaryň okuw merkezlerini işjeň çekmek;
  • nebitgaz toplumynyň pudaklaýyn dolandyryş kärhanalaryna sanly ykdysadyýeti we innowasion çözgütleri ornaşdyrylmagyň ýollaryny we ugurlaryny kesgitlemek;
  • ylmy monografiýalary, dissertasiýalary, ylmy makalalary, tezisleri, ylmy-amaly ýygyndylary, okuw kitaplary we gollanmalary taýýarlamak;
  •  aspirantlara we alymlyk derejesine dalaşgärlere goşmaça “Ylmyň filosofiýasy”, “Hünär boýunça daşary ýurt dilleri”, “Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary” dersler we ylmy işgärleriň hünärleri boýunça okuw sapaklaryny gurnamak;
  • uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň, magistrleriniň, ylmy işgärleriniň we talyplarynyň “Scopus”, “ScienceDirec”, “Web of Scienc” halkara ylmy-tehniki indeksli žurnallarynda ylmy makalalary çap etmek;
  • uniwersitetiň mugallymlarynyň, ylmy işgärleriniň, talyplarynyň we nebitgaz toplumy boýunça alymlyk derejesine dalaşgärleriň halkara ylmy-amaly maslahatlara, simpoziumlara, sergilere, seminarlara, bäsleşiklere gatnaşmaklaryny işjeňleşdirmek;
  • nebiti we gazy çuňlaşdyryp gaýtadan işlemekde “Türkmengaz” döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz instituty, “Nebitgazylmytaslama”  instituty, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bilen bilelikde ylmy-barlag we taslama işlerini alyp barmak we ylmy taýdan esaslandyrylan teklipleri önümçilige hödürlemek.

     Habarlaşmak üçin:

  1. Salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 8, Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň  binasy
  2. Tel:     (+99312)  39-13-00
  3. Faks: (+99312) 39-14-00
  4. E-mail: iuog@online.tm
  5. Web-saýt: iogu.edu.tm