Giňişleýin

img
28 March 2024

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Turkmen Cyber. Hack” atly hakaton

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan Watanymyz aýdyň ýol bilen beýik ösüşlere we özgerişlere tarap öňe barýar. Bu ösüşlerde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işiniň döwrebap kämilleşmegi uly ähmiýete eýedir.

    Hünär biliminiň maksady talyplary jemgyýete peýdaly, işjeň, ýokary adamkärçilik häsiýetli edip ýetişdirmekden ybaratdyr. Şeýle hünärmenleri taýýarlamakda önümçilik okuwynyň netijeliligi bilim alýanlaryň hünär ussatlygynyň emele gelmegi, zähmet endikleriniň kemala gelmegi,zähmet söýerlik we medeniýetli özüňi alyp barmak zerur bolup durýar.

    Häzirkizaman kompýuter ulgamlarynyň ähli ýerlerde ulanylmagy hem-de ykjam gurluşlardan başlap tä göterilýän kompýuterlere çenli dürli serişdeleriň üsti bilen aragatnaşygy amala aşyrmak ýa-da özara baglaşmak ukyby döwlet we döwletiňki däl edaralar üçin köp gowşaklyklary we mümkin bolan howp wektorlaryny döredýär. Bu gowşaklyklaryň ulanylmagy içalylyk, buýruk beriji we dolandyryş obýektleriň netijeliliginiň peselmegi, intellektual eýeçiliginiň we şahsy häsiýetli duýgur maglumatyň ogurlanmagy, wajyp hyzmatlaryň berilmeginiň we örän wajyp infrastrukturanyň işlemeginiň bozulmagy ýa-da ykdysadyýete we senagata zeper ýetirilmegi ýaly bilkastlaýyn işleriň üsti bilen milli howpsuzlyga ýaramaz täsir etmegi mümkin.

    Häzirkizaman kiberhüjümleriň tebigatyny düýpli öwrenmegiň we ony seljermegiň netijesinde kiberhowpsuzlygy talabalaýyk üpjün etmek üçin hüjümleri iň irki tapgyrlarda anyklamaklygyň we ýüze çykarmaklygyň zerurlygy kesgitlenildi       

                    1. Adalgalar we kesgitlemeler

    Hakaton – bu saýlanyp alnan ders ugrunda täze pikirleriň döremegine we bu pikirleriň durmuşa geçirilmegine niýetlenen ýörite meýdança.Hakatonyň ýörite formaty dürli kärdäki, dürli başarnykly adamlary bir topara jemläp, saýlanyp alnan ders ugrunda täze çözgütleri gözlemäge itergi berýär.

    Gatnaşyjy – öz adyndan hereket edýän we bellenilen tertipde hasaba alnan, ýaşy on alty we ondan uly bolan mekdep okuwçysy ýa-da talyp.

    Bäsdeşlik meselesi – 4 sagadyň dowamynda ýerine ýetirilmeli mesele.

Topar - bäsdeşlik wezipesini ýerine ýetirmek üçin birleşen birden bäş adama çenli gatnaşyjylar topary. Her bir gatnaşyjy diňe bir toparyň agzasy bolup biler.

    Toparbaşy - toparyň agzalary tarapyndan saýlanan hem-de Hakaton geçirilen wagtynda toparyň adyndan guramaçylyk kararlary kabul etmäge we toparyň bähbitlerine wekilçilik edýän gatnaşyjy.

Mentorlar - bäsdeşlik ýumuşy ýerine ýetirilen wagtynda toparlara maslahat berýän şahslaryň topary.

    Taslama (önüm) – meseläni görkezilen wagtda çözmek üçin işlenip düzülen ýa-da jemlenen programma üpjünçiligi, gurallar serişdeleri, algoritmler toplumy ýa-da ädimleriň görkezmesi, tanyşdyryşlar;

    Ýeňijiler – Hakatonyň netijesinde eminler tarapyndan taslamalary iň gowy diýlip ykrar edilen toparlar;

    Eminler - taslamalara baha berýän we hakatonyň ýeňijilerini kesgitleýän wekiller. Emin agzalary guramaçylyk toparynyň wekillerinden ýa-da garaşsyz bilermenlerden ybarat bolup biler.                     

                    2.Hakatonyň esasy maksady

    -  okaýanlaryň hünär taýýarlygynyň hilini ýokarlandyrmak;

    -  döredijilik ukybyny ýokarlandyrmak;

    -  geljekdäki kärine (hünärine) söýgi döretmek;

    -  dürli maksatly we ugurly programma üpjünçiliklerini döretmek;

    -  döredilen programma üpjünçiliginde dürli maglumatlary birikdirmek;

    -  programma üpjünçilikleriniň işjeňligini ýokarlandyrmagyň ýollaryny kesgitlemek;

    -  okaýanlaryň başarnyklaryny açyp görkezmek;

    -  okaýanlara okuw prosesinde hakyky hüjüm we howp şertlerini döretmek we olara şol howplary ýeňip geçmegi öwrenmek;

    -  hüjümleri öz wagtynda anyklamak we ýüze çykarmak üçin ähli tehniki, programma serişdelerini (şol sanda ýokarda görkezilenleri) netijeli peýdalanmagy öwrenmek;

    -  hüjümleri anyklamak üçin programma serişdelerini döretmegi öwrenmek;

    -  toparda işlemegi öwrenmek.

                    3.Hakatonyň şertleri

    Bu Hakatonda emin agzalary talyplaryň zähmet usullaryny, her bir işiniň tehnologiki sowatlylygyny, ýumuşyň wagtynda we dürs ýerine ýetirilişine gözegçilik edýärler, tehniki howpsuzlygyny we zähmeti goramak talaplaryny berjaý etmek barada wagyz işlerini ýerine ýetirýärler. Hakatonyň tertibine seredip emin agzalary netije berýärler.

    Hakatonyň ýumuşy operasion ulgamynda emeli ýagdaýda döredilen gizlin howplary we hüjümleri anyklaýan programma üpjünçiliklerini, jemlenen gurallar serişlerini we algoritmleriň toplumyny işläp düzmegiň endiklerini barlamak üçin gönükdirilendir. Hakatona gatnaşyjy hakatonda berlen ýumuşy programmirleme dilleriň, gurallar serişdeleriň islendiginde ýerine ýetirip biler. Hakatona gatnaşyjy talyba bildirilýän talaplara görä geýinmeli.

    Hakatonyň temasy: Operasion ulgamda gizlin howplary öz wagtynda anyklamak we olaryň öňüni almak üçin üpjünçilikleri döretmek.

    Hakatona gatnaşyjylar şulary ýerine ýetirmelidir:

-  operasion ulgamda gizlin howplary we hüjümleri anyklamak;

-  kesgitlenen howplary taýýar gurallar serişdelerini peýdalanyp ýok etmek arkaly hüjümleriň öňüni almak;

-  kesgitlenen howplary awtomatik ýok edýän programma üpjünçiligini işläp düzmek.

    Hakaton toparlaýyn we ýekelikde görnüşde geçiriler. Topar 5 adamdan ybarat bolup biler. Her toparyň öz toparbaşysy bolmaly.

                    4.Ölçegler boýunça bahalandyrma

    Bu bölümde baha kriterileri we goýlan bahalaryň sany (garaýyşlar we bahalar) kesgitlenilýär. Emin agzalary hünär garaýşyny (subýektiw) geçirmelidirler. Adatça bu hil hakyndaky garaýyşdyr. Aşakdaky tablisada görkezilen ölçegler boýunça emin agzalaryň berip bilýän iň ýokary utuklary görkezilýär:

Eminler
1Operasion ulgamda gizlin howplaryň anyklanan möçberi10
2Operasion ulgamda gizlin howplary anyklamagyň usulyýeti (peýdalanýan gural serişdeleriň öndürijiligi we az mukdary)10
3Gizlin howplary aradan aýyrmagyň usulyýeti (peýdalanylýan gural serişdeleriň öndürijiligi we az mukdary)10
4Gizlin howplary anyklamak we aradan aýyrmak işlerini awtomatik alyp barýan programma önümini döretmek10
Jemi:40

                                   4.1.Ýumuşy bahalandyrmak üçin ölçegler

    - Operasion ulgamda gizlin howplaryň anyklanan möçberi

    Gatnaşyjylara hödürlenen kompýuter tehnikasynyň içindäki operasion ulgamda öz wagtynda kesgitlenen gizlin howplaryň sany.

    - Operasion ulgamda gizlin howplary anyklamagyň usulyýeti (peýdalanylýan gural serişdeleriň öndürijiligi we az mukdary)

    Anyklanan gizlin howplary aradan aýyrmak üçin peýdalanylan serişdeleriň guramaçylygy, Az serişdeleriň peýdalanylmagyna ýykgyn ediler, sebäbi köp funksional serişdeleriň ulanylmagy wagty tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

    - Gizlin howplary aradan aýyrmagyň usulyýeti (peýdalanylýan gural serişdeleriň öndürijiligi we az mukdary)

   Kesgitlenilen howplara öz wagtynda, olar hüjüm etmezden öň alnyp barylýan hereketlere baha berler. Az serişdeleriň peýdalanylmagyna ýykgyn ediler, sebäbi köp funksional serişdeleriň ulanylmagy wagty tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

    - Gizlin howplary anykmak we aradan aýyrmak işlerini awtomatik alyp barýan programma önümini döretmek

    Mundan öň görkezilen hereketleri adam goşulmazdan, doly derejede awtomatik anyklap we ýok edip bilýän programma üpjünçiliginiň döredilmegine serediler.

                     5.Hakatonda ulanmaga rugsat berilýän we gadagan edilýän zatlar

Gatnaşyjy ýany bilen getiren şu zatlary ulanyp bilýär:

    -  şahsy kompýuter we noutbuk;

    -  islendik dildäki klawiaturany;

    -  klawiatura üçin dil faýllaryny;

    -  syçanjyk.

    Hakatona gatnaşýanlar tarapyndan getirilen ähli zatlar bilermenler tarapyndan içerki ýatda saklaýjy gurluşlaryň bardygy boýunça barlanyp bilner. Şeýle gurluşlar ýüze çykarylan ýagdaýynda olar wagtlaýynça hakaton tamamlanýança alynjakdyr. Hakatonyň dowamynda gatnaşyjylara hakaton meýdançasyndan çykmak gadagan edilýär. Mundan başga mobil telefonlary ulanmak gadagandyr.

                     6.Hakatona gatnaşyjylar şu aşakdakylary göz öňüne tutmalydyr:

    -  ähli enjamlary howpsuz usulda ulanmagy, arassalamagy hyzmat etmegi we saklamagy;

    -  öndürijiniň gözükdirijisine laýyklykda ähli enjamlary howpsuz ulanmagy;

    -  işi ýerine ýetirmek üçin enjamlary dürs saýlamagy;

    -  taýýar önümi goramak üçin iş ýerini arassa saklamagy.

                    7.Ýumuşy ýerine ýetirmek üçin berilýän wagt

    Hakatonyň ýumuşyny ýerine ýetirmek üçin onuň çylşyrymylylygyna laýyklykda 2-4 sagat (bir ýa-da birnäçe gün hem bolup biler) berilýär. Ýumuş wagtyndan öň ýerine ýetirilen ýagdaýynda ol eminlere görkezilip bilner, emma onuň tiz ýerine ýetirilmegi üçin hiç-hili artykmaçlyk göz öňünde tutulmaýar. Wagtynda tamamlanmadyk ýumuşlar, bellenilen wagt geçenden soň, gatnaşyjynyň islegine görä eminlere şol görnüşde tabşyrylýar.

                    8.Hakatonyň ýeňijilerini kesgitlemek

    Hakatonyň ýeňijileri eminleriň goýan ballaryny jemlemek we olaryň köplügi boýunça kesgitlenilýär. Hakatonyň netijeleri boýunça toparlaýyn görnüşde 1 (bir) ýeňiji kesgitlenilýär. Ýekeleýin görnüşde 1 sany Baş baýrak, 2 sany I orun, 3 sany II orun, 4 sany III orun berilýär. Hakatonyň ýeňijileri Hormat hatlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanýar.

    Hakatona gatnaşyjynyň berlen bahadan närazy bolan ýagdaýynda garaşsyz ekspertleriň gatnaşmagynda arza-şikaýat topar döredilýär. Topar agzasy seljerip, degişli çözgüdi çykarýar, eger berlen baha hakykatdan-da nädogry bolsa, eminler toparynyň goýan bahasyny üýtgetmegi teklip edýärler, şeýle ýagdaýda çözüw ses bermek arkaly amala aşyrylýar bahanyň üýtgedilmegi barada beýan ýazylýar. Beýana arza-şikaýat toparynyň we eminler toparynyň ähli agzalary gol çekýärler. Toparyň çözgüdi täzeden seredilmeýär.