TÄZELIKLER

img

Halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi

24 Fewral 2023

     “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilen 2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 28-nji ýanwaryndaky 2581-nji Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasyndan” gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldawy esasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde sanly ulgam arkaly “Tebigy gazdan wodorod energiýasyny almagyň ylmy-tehniki mümkinçilikleri” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

img

    Ylmy-amaly maslahata daşary ýurtlaryň halkara guramalarynyň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, şeýle hem belli alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary, talyplary hem-de dünýäniň 25 ýurdunyň alymlarynyň, ylym-bilim ulgamynyň hünärmenleriniň, bilermenleriniň 100-den gowragy gatnaşdylar. Olaryň hatarynda Beýik Britaniýanyň, Ýaponiýanyň, Malaýziýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Hindistanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Awstriýanyň, Rumyniýanyň, Belgiýanyň, Italiýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Koreýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň we beýleki birnäçe döwletleriň wekilleri bar. Halkara ylmy-amaly maslahatda ylmy barlaglaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara gatnaşyklar, wodorod energiýasyny öndürmek we ösdürmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

   Halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde uniwersitetde täzeçil taslamalara we häzirki zaman innowasion tehnologiýalara, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy daýanjy bolan Nebitgaz pudagyna bagyşlanan hem-de Türkmenistanyň Milli muzeýiniň eksponatlary ýerleşdirilen sergi guraldy. Maslahata gatnaşyjylar uniwersitetiň ylmy-önümçilik merkezlerinde alnyp barylýan ylmy-taslama işleriniň netijeleri bilen tanyşdylar.

img

   Uniwersitetde ýerli çig mallardan emeli mermeri almak boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Uniwersitetiň tejribehanalarynda düzümi, ölçegi we reňki boýunça tapawutlanýan emeli mermerleriň birnäçe nusgalary taýýarlanyldy hem-de degişli barlaglardan geçirildi. Şol emeli mermerleriň we Metildietanolamin öndürýän gazhimiýa toplumynyň nusgalary, ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynyň geljegi bilen bagly alnyp barylýan ylmy-barlag işleriň sergisi maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

   Halkara ylmy-amaly maslahatyň gün tertibine laýyklykda umumy mejlisde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň, Islam Karimow adyndaky Daşkendiň döwlet tehniki uniwersitetiniň rektorynyň we beýlekileriň çykyşlarynda ylym-bilim ulgamynyň dürli ugurlaryny ösdürmäge we önümçilige ornaşdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler hem-de wodorod energiýasy boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag we taslama işleri barada maglumat berildi. Şeýle hem bilimiň dürli derejeleriniň, ylmyň we önümçiligiň integrasiýasynyň dünýäniň ähli ýurtlaryny, şol sanda Türkmenistany hem öz içine alýan ugurdygy bellenilip geçildi. Geçirilen forum bolsa onuň aýdyň mysalydyr we ol ýene-de bir gezek ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň diňe bir aýratyn alnan okuw mekdebiniň işi däldigini we onuň bütin bilim ulgamynyň önümçilik bilen ýakyn aragatnaşygynyň netijesidigini aňladýar. Şonuň üçin hem “Tebigy gazdan wodorod energiýasyny almagyň ylmy-tehniki mümkinçilikleri” atly ylmy-amaly maslahat özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek üçin talyp ýaşlary, işewürleriň hem-de Nebitgaz pudagynyň wekillerini bir ýere jemledi, şunlukda ylmy pikirleri we tejribe alyşmak üçin şertler döredildi.

   Forumyň işi iki bölümden ybarat bolup, birinji bölümde esasy çykyşlaryň hatarynda Hytaýyň Milli Nebitgaz korporasiýasynyň Wodorod energetikasy boýunça ylmy-barlag merkeziniň direktorynyň, Ýaponiýanyň “Iwatani Corporation” kompaniýasynyň Wodorod gazlary departamentiniň baş direktorynyň, “Kawasaki Heavy Industries, Ltd.” kompaniýasynyň Tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça taslamasynyň dolandyryjysynyň, Hytaýyň Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň we Sian nebit uniwersitetiniň professorlarynyň, Malaýziýanyň “PETRONAS” Tehnologik uniwersitetiniň professorynyň sanly ulgam arkaly ylmy çykyşlary maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem maslahatda “Türkmengaz” döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň, Ýaponiýanyň “ITOCHU Corporation” kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň, Hytaýyň Milli Nebitgaz korporasiýasynyň “International Ltd.” Türkmenistandaky şahamçasynyň, Italiýanyň “Eni Turkmenistan Limited” kompaniýasynyň hünärmenleriniň çykyşlary diňlenildi.

   Forumyň ikinji bölüminde Beýik Britaniýanyň ýokary okuw mekdebi Londonyň Imperial kollejiniň professory, Awstriýanyň “LARKALIS UMWELTTECHNIK GMBH” kompaniýasynyň hünärmeni, Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) bilermeni, Birleşen Arap Emirlikleriniň “Dragon Oýl” kompaniýasynyň hünärmeni, Russiýa Federasiýasynyň Kazanyň milli barlag tehniki uniwersitetiniň professory, BRHKG-ň ýaşlaryň energetika agentliginiň hünärmeni sanly ulgam arkaly çykyş etdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň direktory we bölüm müdiri, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, “Türkmengaz” döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň direktory, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Wodorod energetikasy merkeziniň ýolbaşçysy öz ylmy temalary bilen maslahatda çykyş etdiler.

img

   Halkara ylmy-amaly maslahatyň guramaçylary onuň geljegi uly bolan wodorod energetikasy pudagyny iş ýüzünde döretmekde möhüm ädim bolar diýip umyt edýär.

   Wodorod energetikasy pudagyny döretmek we ösdürmek, öz nobatynda, ýurduň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmegini çaltlandyrmaga mümkinçilik berer. Wodorod energetikasy pudagyny ösdürmek daşky gurşawa oňyn täsirini ýetirer, goşmaça iş orunlarynyň döremegine getirer diýlip hasap edilýär.

Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar tarapyndan onuň jemleri jemlenip aşakdaky çözgütler kabul edildi:

1.Halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmeginiň wajyplygyny we öz wagtynda geçirilendigini hem-de onuň işiniň ýokary derejede gurnalandygyny bellemeli;

2.Ekologiýa taýdan arassa, ykdysady we tehnologik taýdan bähbitli çözgütleri ösdürmäge aýratyn üns bermek bilen, wodorod energetikasy pudagyny döretmek we ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmeli;

3.Wodorod energetikasy boýunça möhüm meseleleriň we tehnologiýalary ösdürmegiň geljegini öwrenmekde dürli ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň , daşary ýurt kompaniýalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleriniň bilelikdäki işini dowam etdirmeli;

4.Geljekde halkara ylmy-amaly maslahatyň işine ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlaryny we ýaş mugallymlaryny has giňden çekmeli.