TÄZELIKLER

img

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Sowadyjy we howa ulgamlary” atly täze tejribehanasynyň açylyş dabarasy geçirildi.

28 Mart 2023

     Bu dabaraly  çärä  Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň  oba  hojalyk  we  daşky  gurşawy  goramak  ministrliginiň, Birleşen  Milletler  Guramasynyň  Senagat  Ösüşi boýunça  guramasynyň  (UNIDO), uniwersitetiň, köpçülikleýin  habar  beriş  serişdeleriniň  we  beýleki  guramalaryň  wekilleri  gatnaşdylar.

     Uniwersitetiň  Innowasiýa  ylmy-okuw  merkezine  degişli  bolan  bu  tejribehananyň  açylyşy  dabara  gatnaşyjylaryň  gutlaglary  bilen başlandy. Bu gutlaglarda türkmen  we  daşary  ýurt kärdeşleriniň  bilelikdäki  tagallalarynyň  netijesinde  açylan  döwrebap  tejribehananyň  işe  girizilmegi  mynasybetli  minnetdarlyk  sözleri  aýdyldy. Gutlaglarda milli bilim ulgamynyň kämilleşmeginde bu  tejribehananyň  ähmiýeti  we  wezipeleri, onuň  enjamlaşdyrylyşy  we  geljekdäki  işi  barada  aýratyn  nygtalyp  geçildi.

     “Sowadyjy  we  howa  ulgamlary” tejribehanasy  bilim  we  ylym  ulgamynyň  geljekki  ösüşine  saldamly  goşandyny  goşar. Onuň  esasy  maksadynyň  biri  Ýagşygeldi  Kakaýew  adyndaky Halkara  nebit  we  gaz  uniwersitetiniň Energetika  we  inženerçilik  desgalary  fakultetiniň “Sowadyjy  we  kompressor  maşyn  desgalary” hünäriniň  talyplaryny okatmakdyr. Bu  tejribehanada sowadyjy  we  howa  ulgamlary  bilen  işleýän  hünärmenler  özleriniň  hünär  derejesini  ýokarlandyrar, olary  gaýtadan  taýýarlamagyň  we  güwänamalaşdyrmagyň  maksatnamasy  dörediler. Ýaş hünärmenleri  taýýarlamak  we  senagatyň  dürli  pudaklarynda  sowadyjy  jisimlerininiň  alternatiw  görnüşlerini  howpsuz  ulanmak, ozon  gatlagyny  goramak  bilen  bagly  halkara  derejede ähmiýetli  meseleleri  çözmek  bu  amala  aşyrylan  taslamanyň  ilkibaşdaky  wezipesidir.

img

     Türkmenistan  Ozon  gatlagyny  goramak  hakynda  Wena  konwensiýasy  we  Ozon  gatlagyny  dargadyjy  maddalar  boýunça  Monreal  Teswirnamasyny  tassyklady  we  halkara ylalaşyklaryndan  gelip  çykýan  borçnamalaryny  yzygiderli  ýerine  ýetirip  gelýär.

     Türkmenistanyň  oba  hojalyk  we daşky  gurşawy  goramak  ministrligi  Birleşen  Milletler   Guramasynyň  Senagat  Ösüşi  boýunça  guramasy  (UNIDO)  bilen  bilelikde  amala  aşyrýan “Gidrohlorftoruglerodlary  dolanyşykdan  tapgyrlaýyn  çykarmak  boýunça  guramaçylyk  işiniň  meýilnamasy” atly  taslamasynyň  nobatdaky  işiniň  çäklerinde  Ýagşygeldi  Kakaýew  adyndaky Halkara  nebit  we  gaz  uniwersitetinde “Sowadyjy  we  howa  ulgamlary” tejribehanasy  açyldy.

     Bu  tejribehanada  sekiz  ugur  boýunça  okuwlar  alnyp  barylar. Olaryň  içinde: Tebigy  sowadyjy  jisimlerde  işleýän  sowadyjy  enjamlaryna  ideg  we  tehniki  hyzmat  etmek; Kondisionirlemegiň ýokary  netijeli  VRF  we  VRV  ulgamlaryny  gurnamak  we  olara  hyzmat  etmek; Kondisionirlemegiň  we  howa  çalşygynyň   hojalyk, ýarym  senagat  we  senagat  ulgamlaryny  gurnamak; Sowadyjy jisimlerini  ýygnamagyň  we  gözegçiligiň  ulgamy, olary  dikeltmek we ýok etmek; Kondisionirleme  we  howa  çalşygy  ulgamlarynyň  häzirki  zaman  taslamagyň  esaslary  ýaly  ugurlar bar.

     Bu  öňdebaryjy  tejribehana  dünýäniň  iň  häzirki  zaman  okuw  maksatnamalary  we  tejribe  gurallarydyr  abzallary  bilen  ýokary  derejede  üpjün edildi. Tejribehanada  ýokary  derejede okuwlary  geçirmek  üçin  göwnejaý  maddy-tehniki  binýat  döredildi. Şeýle  döwrebap  tejribe  abzallary  sowadyjy  enjamlarynyň  işleýişiniň  esaslaryny  öwrenmek, ulgamlarynyň  işleýişiniň aýratynlyklaryny  seljermek, düzüm böleklerini  gurnamak, sökmek  we  ulgamlary  işe  girizmek, tehniki  hyzmat  ýa–da  abatlaýyş  işleri  geçirmek, ýüze  çykýan  dürli  näsazlyklary  dessin  ýüze çykarmak, anyklamak  we  aradan aýyrmak  işlerini, kebşirleme  işlerini, sowadyjy  jisimleriniň döwrebap  görnüşlerini  we  häsiýetnamalaryny  öwrenmek, olaryň  ýagdaýyny  kesgitlemek  we ýitgisiniň  öwezini  dolmak, dürli  synaglary  geçirmek  üçin  niýetlenen.

     Ýeri  gelende  bellesek, bu  döwrebap  tejribe  enjamlary, ýörite  maksatnamalar  rusiýaly  inženerler  tarapyndan  işlenip  taýýarlandy. Uniwersitet  halkara  hyzmatdaşlygyň  çäklerinde  abraýly  iri halkara  guramalary, ylmy  edaralary  bilen  gatnaşyklary üstünlikli  amala  aşyrýar. Halkara  nebit  we  gaz  uniwersiteti  Russiýanyň, Belarusyň, Rumyniýanyň, Gazagystanyň, Malaýziýanyň, Birleşen  Arap  Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Awstriýanyň, Italiýanyň, Koreýanyň, Özbegistanyň, Hytaýyň  we  beýleki  ýurtlaryň  öňdebaryjy  uniwersitetleri  bilen  ylym-bilim  ulgamynda  özara bähbitli  halkara  hyzmatdaşlygyny  alyp  barýar. Tejribehananyň  2023-nji “Arkadag  Serdarly  bagtyýar  ýaşlar” ýylynda  açylmagy  hem  aýratyn  uly  many-mazmuna  eýedir. Çünki  biziň döwletimizde  ösüp  gelýän  ýaş  nesliň  dünýä  ülňülerine  laýyk  gelýän  döwrebap  bilim  almagy, olaryň  ählitaraplaýyn  ösen  dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli  hünärmenler  bolup  ýetişmekleri döwlet  syýasatynyň  ileri  tutulýan  ugurlaryň  biridir.