TÄZELIKLER

img

“Türkmen jemgyýetde Watan buýsanjy bolan zenanlar” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

24 Mart 2023

     Berkarar  döwletiň  täze  eýýamynyň  Galkynyşy  döwründe, Hormatly Prezidentimiziň  tagallasy  bilen, ýurdumyzda zenanlara  uly sarpa  goýulýar. Türkmenistan  häzirki  wagtda  aýal-gyzlaryň  jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady  we  medeni-ynsanperwerulgamlarynda  alnyp  barylýan işlere deň  hukukly gatnaşmagyna gönükdirilen işjeň  gender  syýasatyny alyp  barýar. Ýurdumyzda ýöredilýän  bu  gender  syýasaty  aýallaryň  jemgyýetçilik  durmuşynyň ähli  ugurlaryna  deň  hukuklygatnaşmagyny  kepillendirýär.

     Ýagşygeldi  Kakaýew  adyndaky Halkara  nebit  we  gaz  uniwersitetinde Türkmenistanyň Zenanlar  birleşiginiň Merkezi Geňeşi  bilenbilelikde  gurnamaklarynda  talyp  gyzlaryň arasynda, mugallymlaryň  gatnaşmagynda   2023-nji ýylyň mart  aýynyň 24-ne  gender  deňligi  mynasybetli “Türkmen  jemgyýetde  Watan  buýsanjy  bolan  zenanlar” atly  wagyz-nesihat  duşuşygy  geçirildi.

img