TÄZELIKLER

img

Üstünlikli çykyş

13 Maý 2023

     Ýurdumyzda  sportuň ösen ulgamyny döretmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri  terbiýeläp ýetişdirmek babatda uly işler  alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde ýurdumyzyň sport abraýyny belende  göterip biljek türgenleri ýüze çykarmak maksady bilen, sportuň dürli görnüşleri  boýunça Türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşlar geçirilýär.

     Arkadagly  Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanýan ýaşlarymyz dürliýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.    

     “Arkadag  Serdarly  bagtyýar  ýaşlar  ýyly” diýlip yglan edilen 2023-nji ýylyň 7-njimaýynda  Aşgabat şäherinde sportuň gimnastika görnüşi  boýunça Türkmenistanyň kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi.

     Geçirilen  ýaryşda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Himiýa  tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň  1-nji ýyl talyby  Hasanow Ramazan  sportuň  gimnastika  görnüşi  boýunça  üstünlikli çykyş  edip, baýrakly birinji orny  eýelemegi  başardy.