TÄZELIKLER

img

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň THE Halkara reýting guramasy tarapyndan geçirilen “Impact Ranking 2023” reýtingine girmegi barada

09 Iýun 2023

     Hormatly Prezidentimiziň  tagallasy  bilen  ýurdumyzda  döwrebap  ýokary  okuw  mekdepleriniň  sany artýar,  maddy-enjamlaýyn  binýady  berkidilýär, milli  bilim  ulgamynyň kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär, çalt depginler bilen ösýän sanly ykdysadyýetiň zerurlyklary nazara alnyp, täze hünär okuwlary girizilýär, okuw meýilnamalary, okuw maksatnamalary döwrebaplaşdyrylýar, bilim bermegiň innowasion usullary okuwişine ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlyk has-da ýabaňlandyrylýar.

     Türkmenistanyň  Prezidenti  bu  ugurda  alnyp  barylýan  işleri  has-da  kämilleşdirmek  maksady  bilen, 2024-nji  ýyla  çenli ýurdumyzyň ýokary okuw  mekdeplerini  halkara  derejeli  ýokary okuw  mekdepleriniň sanawyna  girizmek  wezipesini  öňde goýdy. Bu wezipeden ugur  alnyp, geçirilmeli  çäreleriň  meýilnamasyna  laýyklykda  Ýagşygeldi Kakaýew  adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2022-nji  ýylyň  sentýabr-noýabr  aýlarynda  Beýik Britaniýanyň  ady  belli  THE (Times Higher Education) Bütindünýä  reýting  guramasy tarapyndan  her  ýylda  geçirilýän Impact Ranking 2023 (Täsir etmegiň reýtingi) atly reýtingine  2021-nji  ýylda aşakdaky  durnukly  ösüş maksatnamalary  (DÖM)  boýunça  ýerine ýetirilen  işler boýunça  gatnaşdy:

-        SDG4 (Ýokary  hilli  bilim);

-        SDG6 (Arassa  suw  we  arassaçylyk);

-        SDG8 (Mynasyp  iş  we  ykdysady  ösüş);

-        SDG17 (Maksatlara  ýetmek  üçin hyzmatdaşlyk).

     Iberilen  maglumatlary Times Higher  Education  guramasy  tarapyndan  garaşsyz  seljermegiň  netijesinde  Ýagşygeldi Kakaýew  adyndaky  Halkara  nebit we gaz uniwersiteti  bilen Türkmenistanyň  ýene-de  birnäçe  ýokary okuw mekdepleri  reýtinginiň  jemleýji  sanawyna  girmegi  başardy. Bu baradaky  maglumat  Times  Higher  Education  (Bütindünýä  reýting  guramasynyň)  resmi  web-saýtynda  doly  sanaw  bilen resmileşdirildi   (https://www.timeshighereducation. com/).

     Dünýäde  ady  belli  Times  Higher  Education (Bütindünýä reýting guramasy) ýokary  bilim ulgamynda  reýtingleri  geçirmek  boýunça ykrar  edilen  lider  hasaplanylýar.

     2023-nji  ýylda Times  Higher  Education  Bütindünýä  reýting  guramasynyň  Impact  Ranking reýtingine  dünýäniň  1620-den gowrak iň abraýly ýokary okuw mekdepleri  gatnaşdy. Jemleýji  reýting  sanawyna girmek  üçin hökmany 4  sany Durnukly  ösüş  maksatnamalarynda  (SDG)  reýting  sanawyna  girmek  zerur. Eger  uniwersitet  şol  4 durnukly  ösüş maksatnamalaryň  iň bolmanda birinde hem hasaba alynmadyk  bolsa, onda ol  tutuş  reýting  sanawyndan  aýrylýar we  jemleýji reýtinge  girizilmeýär, emma hasaba alnan Durnukly ösüş maksatnamasynyň  sanawynda  onuň  netijeleri  görkezilýär.

     Şeýlelikde Ýagşygeldi  Kakaýew  adyndaky Halkara  nebit  we  gaz uniwersiteti Türkmenistanyň  resminamalaryny  tabşyran  ähli  4 sany Durnukly ösüş  maksatnamalarynda  hasaba alnyp, yzygiderli  2-nji gezek  şeýle  ady  belli  we  abraýly  reýtingiň  sanawyna  girmegi   başardy.

     Netijede HNGU Türkmenistandan  beýleki  8 sany  ýokary okuw  mekdebi  bilen  bilelikde jemleýji reýtingine deň jemleýji  ballary (7.9-53.8)  toplap  we deň 1001+ orny eýeläp, girmegi  başardy.

img

     Türkmenistanyň  ýokary  okuw  mekdepleriniň  ählisi  hem  SDG4  hem-de  SDG17  durnukly  ösüş maksatnamalarynda   hasaba  alnyp, olaryň beýleki  iki  sany DÖM-lary (SDG)  tapawutly boldy.

     Ýokary okuw  mekdepleriň  hasaba  aldyran Durnukly  ösüş  maksatnamalaryndaky  reýting  netijeleri aşakdaky  suratlarda  şekillendirilýär.

     Meselem  SDG4  Quality  Education  (Ýokary  hilli  bilim) maksatnamasy  boýunça  Ýagşygeldi  Kakaýew adyndaky  Halkara  nebit  we gaz  uniwersiteti  beýleki  Türkmenistanyň  ýokary  okuw  mekdeplerinden  esli öňe  saýlanyp  bilipdir (51.0-58.6  ball, 401-600  orunda)

img

     SDG6  (Arassa  suw  we  arassaçylyk)  maksatnamasy  boýunça  Türkmenistandan üç  sany  ýokary okuw  mekdebiniň  gatnaşandygyny  hem-de  HNGU iň ýokary  netije görkezendigini  görmek  bolýar - (24.8-42.6) ball  toplap (401-600) orunda   ýerleşendigini  görüp  bolýar.

img

     SDG8  (Mynasyp iş  we ykdysady ösüş) maksatnamasy  boýunça  Türkmenistandan  5  sany Ýokary okuw  mekdebi  sanawa  giripdir  we  maksatnamada hem HNGU Türkmenistanyň  ýokary  okuw mekdepleriniň  arasynda  iň  ýokary  netijeleri  görkezdi  (48.4-57.7 ball, 401-600).

img

     Hökmany  gatnaşmaly  SDG17  (Maksatlara   ýetmek  üçin  hyzmatdaşlyk)  maksatnamasy   boýunça Türkmenistanyň   ähli  ýokary  mekdepleri deň  ballary (1.5-45.2)  jemlediler  we  deň (1001+)  orny  eýelediler.

img

     Şeýlelik bilen, Ýagşygeldi  Kakaýew  adyndaky  halkara  nebit  we  gaz  uniwersiteti  2-nji  gezek  şu  abraýly reýtinge   gatnaşmak  bilen, yzy giderli   öz  netijelerini  aşakdaky  durnukly  ösüş  maksatnamalary  boýunça gowulandyrdy:

     4-nji DÖM - şu ýyl 56,4 ball, 401-600 orun, geçen ýyl 38,7 ball,801-1000 orun;

     6-njy DÖM – şu ýyl 28,9 ball, 401-600orun, geçen ýyl 7-nji DÖM boýunça gatnaşyldy - 21,3 ball, 601-800 orun;

     8-nji DÖM – şu ýyl 54,8 ball, 401-600orun, geçen ýyl 9-njy DÖM boýunça gatnaşyldy - 20,4 ball, 601-800 orun;

     17-nji  DÖM - şu  ýyl 17,9 ball, 1001+ orun,geçen ýyl 8,8 ball, 1001+ orun;

Şeýlelik  bilen, reýtingiň  usulyýeti  boýunça  HNGU  100-den 32,7 toplap  (geçen ýyl 21,3 ball)  1001+ orunda ýerleşdi.