Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň THE Halkara reýting guramasy tarapyndan geçirilen “Impact Ranking 2023” reýtingine girmegi barada
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda döwrebap ýokary okuw mekdepleriniň sany artýar, maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, milli bilim ulgamynyň kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär, çalt depginler bilen ösýän sanly ykdysadyýetiň zerurlyklary nazara alnyp, täze hünär okuwlary girizilýär, okuw meýilnamalary, okuw maksatnamalary döwrebaplaşdyrylýar, bilim bermegiň innowasion usullary okuwişine ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlyk has-da ýabaňlandyrylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, 2024-nji ýyla çenli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girizmek wezipesini öňde goýdy. Bu wezipeden ugur alnyp, geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2022-nji ýylyň sentýabr-noýabr aýlarynda Beýik Britaniýanyň ady belli THE (Times Higher Education) Bütindünýä reýting guramasy tarapyndan her ýylda geçirilýän Impact Ranking 2023 (Täsir etmegiň reýtingi) atly reýtingine 2021-nji ýylda aşakdaky durnukly ösüş maksatnamalary (DÖM) boýunça ýerine ýetirilen işler boýunça gatnaşdy:
- SDG4 (Ýokary hilli bilim);
- SDG6 (Arassa suw we arassaçylyk);
- SDG8 (Mynasyp iş we ykdysady ösüş);
- SDG17 (Maksatlara ýetmek üçin hyzmatdaşlyk).
Iberilen maglumatlary Times Higher Education guramasy tarapyndan garaşsyz seljermegiň netijesinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Türkmenistanyň ýene-de birnäçe ýokary okuw mekdepleri reýtinginiň jemleýji sanawyna girmegi başardy. Bu baradaky maglumat Times Higher Education (Bütindünýä reýting guramasynyň) resmi web-saýtynda doly sanaw bilen resmileşdirildi (https://www.timeshighereducation. com/).
Dünýäde ady belli Times Higher Education (Bütindünýä reýting guramasy) ýokary bilim ulgamynda reýtingleri geçirmek boýunça ykrar edilen lider hasaplanylýar.
2023-nji ýylda Times Higher Education Bütindünýä reýting guramasynyň Impact Ranking reýtingine dünýäniň 1620-den gowrak iň abraýly ýokary okuw mekdepleri gatnaşdy. Jemleýji reýting sanawyna girmek üçin hökmany 4 sany Durnukly ösüş maksatnamalarynda (SDG) reýting sanawyna girmek zerur. Eger uniwersitet şol 4 durnukly ösüş maksatnamalaryň iň bolmanda birinde hem hasaba alynmadyk bolsa, onda ol tutuş reýting sanawyndan aýrylýar we jemleýji reýtinge girizilmeýär, emma hasaba alnan Durnukly ösüş maksatnamasynyň sanawynda onuň netijeleri görkezilýär.
Şeýlelikde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti Türkmenistanyň resminamalaryny tabşyran ähli 4 sany Durnukly ösüş maksatnamalarynda hasaba alnyp, yzygiderli 2-nji gezek şeýle ady belli we abraýly reýtingiň sanawyna girmegi başardy.
Netijede HNGU Türkmenistandan beýleki 8 sany ýokary okuw mekdebi bilen bilelikde jemleýji reýtingine deň jemleýji ballary (7.9-53.8) toplap we deň 1001+ orny eýeläp, girmegi başardy.
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ählisi hem SDG4 hem-de SDG17 durnukly ösüş maksatnamalarynda hasaba alnyp, olaryň beýleki iki sany DÖM-lary (SDG) tapawutly boldy.
Ýokary okuw mekdepleriň hasaba aldyran Durnukly ösüş maksatnamalaryndaky reýting netijeleri aşakdaky suratlarda şekillendirilýär.
Meselem SDG4 Quality Education (Ýokary hilli bilim) maksatnamasy boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti beýleki Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden esli öňe saýlanyp bilipdir (51.0-58.6 ball, 401-600 orunda)
SDG6 (Arassa suw we arassaçylyk) maksatnamasy boýunça Türkmenistandan üç sany ýokary okuw mekdebiniň gatnaşandygyny hem-de HNGU iň ýokary netije görkezendigini görmek bolýar - (24.8-42.6) ball toplap (401-600) orunda ýerleşendigini görüp bolýar.
SDG8 (Mynasyp iş we ykdysady ösüş) maksatnamasy boýunça Türkmenistandan 5 sany Ýokary okuw mekdebi sanawa giripdir we maksatnamada hem HNGU Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda iň ýokary netijeleri görkezdi (48.4-57.7 ball, 401-600).
Hökmany gatnaşmaly SDG17 (Maksatlara ýetmek üçin hyzmatdaşlyk) maksatnamasy boýunça Türkmenistanyň ähli ýokary mekdepleri deň ballary (1.5-45.2) jemlediler we deň (1001+) orny eýelediler.
Şeýlelik bilen, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersiteti 2-nji gezek şu abraýly reýtinge gatnaşmak bilen, yzy giderli öz netijelerini aşakdaky durnukly ösüş maksatnamalary boýunça gowulandyrdy:
4-nji DÖM - şu ýyl 56,4 ball, 401-600 orun, geçen ýyl 38,7 ball,801-1000 orun;
6-njy DÖM – şu ýyl 28,9 ball, 401-600orun, geçen ýyl 7-nji DÖM boýunça gatnaşyldy - 21,3 ball, 601-800 orun;
8-nji DÖM – şu ýyl 54,8 ball, 401-600orun, geçen ýyl 9-njy DÖM boýunça gatnaşyldy - 20,4 ball, 601-800 orun;
17-nji DÖM - şu ýyl 17,9 ball, 1001+ orun,geçen ýyl 8,8 ball, 1001+ orun;
Şeýlelik bilen, reýtingiň usulyýeti boýunça HNGU 100-den 32,7 toplap (geçen ýyl 21,3 ball) 1001+ orunda ýerleşdi.