TÄZELIKLER

img

Birinji orny eýeledi

10 Sentýabr 2023

    Ýurdumyzda  sportuň  ösen  ulgamyny  döretmek,  beden  we  ruhy  taýdan  sagdyn nesilleri  terbiýeläp ýetişdirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Hormatly  Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde ýurdumyzyň sport abraýyny belende  göterip biljek  türgenleri ýüze çykarmak maksady bilen, sportuň dürli görnüşleri  boýunça Türkmenistanyň çempionatlary geçirilýär.

    Arkadagly  Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanýan ýaşlarymyz halkara ýaryşlaryna gatnaşyp,baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.       

   Arkadag  Serdarly  bagtyýar  ýaşlar  ýylynyň  9-10-njy  sentýabrynda  Gyzylarbat  şäherinde  sportuň  ýeňil  atletika  (ýarym marafon)  görnüşi  boýunça  Türkmenistanyň  çempionaty  geçirildi. Türkmenistanyň  çempionatynda  Ýagşygeldi  Kakaýew adyndaky  Halkara  nebit  we  gaz  uniwersitetiniň  Geologiýa  fakultetiniň  2-nji  ýyl  talyby  Pena Babanyýazow  sportuň  ýeňil atletika  (ýarym marafon)  görnüşi  boýunça  10 kilometr  aralyga  ylgamakda  üstünlikli  çykyş  edip, baýrakly  birinji  orny eýelemegi  başardy.