Türkmenistanyň Bilim ministrligi Eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli görnüşdäki gysga möhletli okuwlary guraýan bilim edaralarynda okaýanlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet bäsleşigini yglan edýär.
Döwlet bäsleşiginiň birinji tapgyryny okuw merkezlerinde 2024-nji ýylyň 4-nji fewralynda, ikinji tapgyryny 2024-nji ýylyň 18-nji fewralynda Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty boýunça D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Balkan welaýaty boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz institutynyň Balkanabat şäherindäki şahamçasynda, Daşoguz welaýaty boýunça Türkmen oba hojalyk institutynda, Lebap welaýaty boýunça Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda, Mary welaýaty boýunça Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynda hem-de üçünji jemleýji tapgyryny 2024-nji ýylyň 10-njy martynda D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan ähli görnüşdäki gysga möhletli okuwlary guraýan bilim edaralarynda okaýanlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça döwlet bäsleşigini geçirmegiň Düzgünnamasynyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär.