TÄZELIKLER

img

Türgenlerimiziň üstünlikli çykyşlary sporty söýüjilerde guwanç, buýsanç duýgularyny döredýär.

19 Fewral 2024

     Hormatly Prezidentimiziň  baştutanlygynda ýurdumyzda bedenterbiýe we sport ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda sport ýaryşlary ýokary  guramaçylyk derejesinde geçirilýär.

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportunyň taryhyna täze sahypalar ýazylýar. Türkmenistan häzirki wagtda ösen sport ulgamly, dünýä  derejesindäki ýaryşlary üstünlikli  geçirmäge ukyply ýurt hökmünde tanalýar.

       “Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy”  ýyly diýlip  yglan edilen 2024-njiýylyň 19-24-nji  fewraly aralygynda Türkmenistanyň çempionaty we Aşgabat şäheriniň açyk birinjiliginde sportuň kikboksing görnüşi boýunça  geçirilen ýaryşda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk  fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Rahmanow Aýmyrat 63,5 kg agramda üstünlikli çykyş edip, I orna hem-de Türkmenistanyň  çempionatynda sportuň suwda pökgi oýnamak görnüşi boýunça Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby  Annamuhammedow Wepa üstünlikli çykyş edip, I orna mynasyp boldy.