TÄZELIKLER

img

Kuraş boýunça ýaryş

25 Fewral 2024

    Türkmenistanyň sport äleminde belent abraýa eýe bolmagy Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ugra aýratyn üns berilýändigini aýdyň görkezýär. Ýurdumyzda çempionatlar ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär.

    Ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary netijeli işleri alyp barýarlar. Olar bedenterbiýäniň we sportuň sazlaşykly ösmegine we ýaş türgenleriň kemala gelmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

    “ Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýylyň 25-27-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň çempionatynda sportuň kuraş görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Nebit we gaz fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Kemalow Ylham 90 kg agramda üstünlikli çykyş edip, I orna mynasyp boldy.