TÄZELIKLER

img

«Talyp gözeli — 2024» Gözellik bäsleşigi jemledi

05 Mart 2024

    Paýtagtymyzyň “Türkmengaz” DK-nyň medeni-işewürlik merkezinde Halkara Zenanlar güni mynasybetli her ýyl geçirilýän «Talyp gözeli» atly bäsleşik geçirildi. Bu ýyl ýeňijiler üçin alty sany — birinji ýer, iki sany ikinji ýer we üç sany üçünji baýrakly ýer göz öňünde tutulypdy. Bäsleşigiň möhüm tapgyry el işlerine bagyşlandy, gyzlar milli nagyşlaryň dürli görnüşleri boýunça çeperligini we başarnyklaryny görkezip, bu synagyň hem hötdesinden geldiler.

    Bäsleşigiň jemleri boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň Himiýa tehnologiýasy taýýarlyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby Myşşyýewa Ogulnäzik Orazgulyýewna bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, baýrakly 3-nji orna mynasyp boldy.

    Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijilere çäräni guranlaryň — Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň we ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar gowşuryldy.