TÄZELIKLER

img

Şöhratly ýeňişler

31 Mart 2024

    Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň sport ulgamy uly ösüşlere beslenýär. Türkmenistanyň sport äleminde belent abraýa eýe bolmagy şol tagallalaryň netijesidir. Ýurdumyzda sportuň dürli ugurlary boýunça çempionatlar ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär.

    Ýaşlary bedenterbiýä we sporta çekmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde netijeli işler alnyp barylýar.

    “Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýylyň 29-njy martyndan 31-nji marty aralygynda Mary welaýatynyň Mary şäherinde geçirilen sportuň dzýudo görnüşi boýunça açyk çempionatynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Geologiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby     Ramazanow Mekan 60 kg agramda üstünlikli çykyş edip, II orna mynasyp boldy.

   Şol fakultetiň 1-nji ýyl talyby Agamämmedow Ali hem sportuň dzýudo görnüşi boýunça 66 kg agramda üstünlikli çykyş edip, II mynasyp boldy.

    Bu üstünlikler ýurdymyzda sportuň täze belentliklere çykmagy üçin öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär.