Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ilkinji zenanlar guramasy tarapyndan gurnalan Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli “Arkadagly Diýarda gözelligiň nusgasy–Dokmaçy gelin-gyzlar ”atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ilkinji Zenanlar guramasynyň bilelikde gurnamaklarynda talyp gyzlaryň arasynda Asylly milli däplerimizi dowam etdirmek maksady bilen Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli “Arkadagly Diýarda gözelligiň nusgasy – Dokmaçy gelin-gyzlar” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Türkmen halysynyň baýramy halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň – ajaýyp sungatynyň şöhratyny belentde göterýän senedir. Bu baýram pederlerimiziň ruhy-ahlak wesýetlerine, gymmatlyklaryna hem-de özboluşly milli ýörelgelerine wepalydygymyzy görkezýär we şöhraty dolan türkmen halylarynyň ähmiýetine bagyşlanýar. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň umumyadamzat gymmatlyklarynyň hatarynda möhüm orun eýeleýändigini bellemeli. Türkmen halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli gymmatlyklarymyzyň daşary ýurtlarda-da uly şöhrata eýe bolandygyny görkezýär.