TÄZELIKLER

img

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabara geçirildi

01 Sentýabr 2024

    2024-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteniniň Bilim daragty meýdançasynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabara geçirildi.

    Dabarada Hormatly Prezidentimiziň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli iberen gutlagyny okamaklyk üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Amanow çykyş etdi.

    Dabaranyň soňunda uniwersitetimiziň hormatly rektory, tehniki ylymlaryň doktory Baýrammyrat Ýaýlymowiç Atamanow 1-nji ýyl talyplaryna “Talyp şahadatnamalaryny” gowşurdy.