TÄZELIKLER

img

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaslygy ösdürmek boÿunça möhùm işler alnyp barylýar.

07 Noýabr 2024

    Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaslygy ösdürmek boÿunça möhùm işler alnyp barylýar. Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiñ konsepsiýasynyñ meýilnamasyna laýyklykda mugallymlaryñ hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen daşary ýurtlara iş we okuw saparlary gurnalyar. 2024-nji ýylyň 28-nji oktýabr – 14-nji noýabr aýlary aralygynda Ýagsygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniñ Diller kafedrasynyñ hytaý dili mugallymy Didar Çaryýew, Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde hytaý dili we medeniýeti institutynda geçirilýän “Merkezi Aziýa ýurtlaryň hytaý dilini öwredýän mugallymlary üçin hytaý dilini okatmak” atly okuw maslahatyna gatnasmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherine okuw saparyna ugradyldy. Okuw maslahatyň dowamynda hytaý dilini okatmagyñ innowasion usullary òwrenilýär. Şonuñ bilen bir hatarda hytaý dili mugallymlar Hytaý Halk Respublikasynyñ taryhy we medeniýeti bilen ýakyndan tanyş bolýarlar. 

img