Himiýa dersi boýunça açyk internet olimpiadasy
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentyabryndaky 340 belgili Karary bilen tassyklanan "Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna" we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyna, "Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegíň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna" laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem bilimiň hiline garaşsyz monitoringi amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Yagsygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 20.11.2024ý. senede "Himiya" dersinden açyk internet olimpiadasy geçirildi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti tarapyndan ýörite düzülen milli programma üpjünçiligi arkaly toplanan ballaryň jemi boýunça olimpiadanyň şahsy ýeňijileri kesgitlenildi.