TÄZELIKLER

img

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ilkinji zenanlar guramasynyň gurnamagynda talyp gyzlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

21 Fewral 2025

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmenistanyň Bilim Ministrligi hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ilkinji Zenanlar guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda fewral aýynyň 19-na Türkmenistanyň hünär-tehniki, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyp gyzlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, milli mirasymyza hormat goýmak, zähmete söýgi döretmek, millilik, maşgala mukaddesligi, arassa ahlaklylyk, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek maksady bilen duşuşygy geçirildi.

    Türkmen halkynyň gyz edebine, perzent edebine, nesil terbiýesine garaýşy barada söz açylanda, ata-babalarymyzyň “çaga eziz, edebi ondanam eziz” diýen paýhasy biygtyýar ýada düşýär. Ýelden-günden gorap kemala getiren perzendiň diňe bir boý syratyna däl, eýsem olaryň başarnygyna, abraýyna, edep-ekramyna guwanyp ýaşamak ene-ata üçin uly bagt bolup durýar. Türkmen gelin-gyzlarymyzyň ädim-gylymyna, edep-terbiýesine kybapdaş gelýän, olaryň boý-syratyny bezeýän egin-eşigi, şaý-sepleri öz boluşlygy bilen tapawutlanyp, dünýä halkynyň arasynda öz milligimize buýsandyrýar.

    Ýaşaýşyň edep kerwenini çeken garry enelerden we mamalardan miras galan gowy gylyk-häsiýetleri ýaş gyzlarymyz özlerine endik edinip, geljek nesillere-de görelde boljakdyklaryna ynamymyz ulydyr.

Jemgyýet öwreniş ylymlar kafedrasynyň müdiri: N.Suwhanow