
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde gurnamaklarynda Halkara zenanlar güni mynasybetli talyp gyzlaryň arasynda “Owadan dünýäniň zynaty zenan” atly dabaraly duşuşyk geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türmenistanyň zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ilkinji Zenanlar guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda mart aýynyň 4-ne Halkara zenanlar güni mynasybetli talyp gyzlaryň arasynda “Owadan dünýäniň zynaty zenan” atly dabaraly duşuşygy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda zenanlara uly hormat goýulýar we gender syýasaty giňden dabaralanýar, Zenan diýen mukaddes düşünjede bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklar jemlenýär. Her ýyl bahar paslynda zenanlarmyzyň “Zenan kalby” orderi bilen sylaglanmagy, “Ene mähri” diýen hormatly atlarynyň dakylmagy, halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlarynyň gowşurylmagy zenanlar barada edilýän aladalaryň subutnamasy bolup durýar.
Bu günki gün türkmen zenanlary dünýä tanaýar, türkmen zenanlaryň el hünärini, abraýyny, mertebesini halkara derejede ýokarlandyrýan, milli gymmatlyklarmyzy dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, Mertebeli başlarynyň hemişe aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!