
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda suhangöýlük sungaty boýunça bäsleşik geçirildi.
2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mejlisler zalynda ýaş nesillerimizde ata Watanymyzyň taryhy ösüşiniň esasy maksatlaryna, üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatyna bolan buýsanç duýgusyny terbiýelemek, ýaş wagyzçylaryň we suhangöýleriň täze neslini kemala getirmek we bu ugurda öňdebaryjy ýaşlaryň goruny döretmek maksady bilen ýaşlaryň arasynda suhangöýlük sungaty boýunça bäsleşik geçirildi. Geçirilen bäsleşikde Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Döwranow Dawud Döwranowiç baş baýraga mynasyp boldy.