BILDIRIŞLER

img
28 October 2025

Sanly innowasion tehnologiýalaryň geljegi we ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrylyşy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda”, şeýle hem bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020-2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň maksatnamasyna” we “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2025-nji ýylyň 26-njy noýabrynda “Sanly innowasion tehnologiýalaryň geljegi we ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrylyşy” atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirýär.

img
17 October 2025

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 9-10 aralygynda geçirilen “Software.Hack” atly hakaton bäsleşiginiň geçirilmegi barada

“Software.Hack” atly hakaton bäsleşigi Türkmenistanyň Intellektual eýeçiligi boýunça Döwlet gullugy tarapyndan resmi şahadatnama alnan programmalary arkaly geçirildi.