Amaly  mehanika  kafedrasy 2012-nji   ýylda  döredildi. Kafedra  Energetika  we  inženerçilik  desgalary fakultetiniň düzüm bölegi bolmak bilen, uniwersitetiň  gurluş  bölümleriniň  biridir.

      Kafedranyň esasy wezipesi okuw-terbiýeçilik, ylmy-barlag we taslama işlerini döwrüň talabyna laýyklykda guramak we ýola goýmak bolup durýar.

      Kafedrada nazary mehanika, amaly mehanika, material öwreniş, mehanizmleriň we maşynlaryň nazaryýeti, orun tutujylyk we tehniki ölçegler, mehanizmleriň, maşynlaryň nazaryýeti wemaşynlaryň detallary, konstruksion materiallaryň tehnologiýasy hem-demaşynlaryň detallary we göteriji-äkidiji gurluşlar dersleri boýunça talyplara bilim berilýär.

      Kafedrada geljekki inženerlere we bakalawrlara tehniki täzeliklere düşünmek we olary özleşdirmek üçin zerur bolan düýpli bilimler berilýär. Bu bilimler taýýarlanylýan inžener-mehanikleriň, konstruktorlaryň işe döredijilikli çemeleşmeklerine mümkinçilik berer.

      Kafedranyň tejribehanalarynda talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini amaly taýdan berkitmek üçin ylmyň ileritutulýan ugurlary boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. 

      Kafedranyň düzümine şu aşakdakylar degişlidir:

      - Konstruksion materiallaryň tehnologiýasy tejribehanasy;

      - Ýylylyk dwigatelleri  tejribehanasy;

      - Maşynlaryň we mehanizmleriň nazaryýeti, maşynlaryň detallary, tehniki ölçegler tejribehanasy;

      - Material öwreniş tejribehanasy;

      - 1 sany ýöriteleşdirilen okuw otagy.

img