Nebit we gaz ojaklaryny özleşdirmek kafedrasy 2012-nji ýylda döredildi. Kafedra Nebit we gaz fakultetiniň düzüm bölegi bolmak bilen, uniwersitetiň möhüm gurluş bölümleriniň biridir.

      Kafedranyň esasy wezipesi okuw-terbiýeçilik, ylmy-barlag we taslama işlerini döwrüň talabyna laýyklykda guramak we ýola goýmak bolup durýar.

       Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Nebit we gaz fakultetiniň Nebit we gaz ojaklaryny özleşdirmek kafedrasynda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň “Türkmengaz” döwlet konserni, “Türkmennebit” döwlet  konserni, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy hem-de dolandyryş müdirlikleri we edara-kärhanalary üçin “Nebit-gaz känlerini özleşdirmek we ulanmak” hünäri boýunça ýokary bilimli hünärmenler, “Nebitgaz işi” taýýarlyk ugry boýunça bakalawrlar we magistrler taýýarlanylýar.

      Kafedra “Nebit-gaz känlerini özleşdirmek we ulanmak” hünäri boýunça ýokary bilimli dag inženerlerini, “Nebitgaz işi” taýýarlyk ugry boýunça bakalawrlary we magistrleri goýberýär.

      Kafedranyň düzümine şu aşakdakylar degişlidir:

      -   Gatlak fizikasy tejribehanasy;

      -   Nebit we gaz känlerini modelirlemek tejribehanasy;

      -   Nebiti, gazy çykarmagyň, ugratmagyň tehnikasy we tehnologiýasy tejribehanasy;

      -   1 sany kompýuter otagy;

      -   1 sany ýöriteleşdirilen okuw otagy; 

    - “Türkmengaz” döwlet  konserniniň   Ylmy-barlag tebigy   gaz   institutynda  Nebit  we  gaz  känlerini  agtarmak, barlamak we   özleşdirmek binýatlyk kafedrasy.

img