Nebitgazgeçirijilerini we nebitgazyň saklanýan ýerlerini taslamak, gurmak we ulanmak kafedrasy 2012-nji ýylda döredildi. Kafedra Nebit we gaz fakultetiniň düzüm bölegi bolmak bilen, uniwersitetiň möhüm gurluş bölümleriniň biridir.
Kafedranyň esasy wezipesi okuw-terbiýeçilik, ylmy-barlag we taslama işlerini döwrüň talabyna laýyklykda guramak we ýola goýmak bolup durýar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Nebit we gaz fakultetiniň Nebitgaz geçirijilerini we nebitgazyň saklanýan ýerlerini taslamak, gurmak we ulanmak kafedrasynda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň “Türkmengaz” döwlet konserni, “Türkmennebit” döwlet konserni, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy hem-de dolandyryş müdirlikleri we edara-kärhanalary üçin “Nebitgazgeçirijilerini we nebitgazyň saklanýan ýerlerini taslamak, gurmak we ulanmak” hünäri boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar. Bu hünär boýunça Owganystanly talyplar hem bilim alýarlar.
Kafedra “Nebitgazgeçirijilerini we nebitgazyň saklanýan ýerlerini taslamak, gurmak we ulanmak” hünäri boýunça ýokary bilimli inžener-mehanikleri goýberýär.
Kafedranyň düzümine şu aşakdakylar degişlidir:
- Gidrawlika we gazodinamika tejribehanasy;
- Nasoslar we kompressorlar tejribehanasy;
- Suw üpjünçilik tejribehanasy;
- 1 sany kompýuter otagy;
- 3 sany ýöriteleşdirilen okuw otagy.