Diller kafedrasy 2012-nji ýylda döredildi. Kafedra Nebit we gaz fakultetiniň düzüm bölegi bolmak bilen, uniwersitetiň möhüm gurluş bölümleriniň biridir. 

           Kafedrada iňlis, rus, nemes, ýapon we hytaý dilleri okadylýar. Kafedranyň esasy wezipesi talyplaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesini artdyrmakdan we geljekki inženerleriň, bakalawrlaryň we magistrleriň dil taýýarlygynyň ýokary derejede bolmagyny gazanmakdan ybaratdyr.

      Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna we ony durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda daşary ýurt dili dersleri okadylanda Beýik Britaniýanyň Oksford uniwersiteti tarapyndan Nebit we gaz ulgamyna degişli hünärler üçin neşir edilen ýörite okuw kitaplaryndan we beýleki döwrebap okuw gollanmalaryndan peýdalanylýar.

         Fakultetlerde Diller kafedrasynyň lingafon otaglary hereket edýär. Lingafon otaglarynda daşary ýurt dillerini talabalaýyk okatmak üçin ähli şertler döredilendir. Kafedra degişli Dil öwreniş bölüminde bakalawr taýýarlyk ugurlarynda okaýan talyplar iňlis dili boýunça bir ýyllyk taýýarlyk okuwyny geçýärler.

         Kafedranyň düzümine şu aşakdakylar degişlidir:

         - Dil öwreniş bölümi;

         - 7 sany lingafon okuw otagy.

img