Peýdaly magdanlary gözlemegiň we barlamagyň geofiziki usullary kafedrasy 2012-nji ýylda döredildi. Kafedra Geologiýa fakultetiniň düzüm bölegi bolmak bilen, uniwersitetiň möhüm gurluş bölümleriniň biridir.
Kafedranyň esasy wezipesi okuw-terbiýeçilik, ylmy-barlag we taslama işlerini döwrüň talabyna laýyklykda guramak we ýola goýmak bolup durýar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Geologiýa fakultetiniň Peýdaly magdanlary gözlemegiň we barlamagyň geofiziki usullary kafedrasynda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň “Türkmengaz” döwlet konserni, “Türkmennebit” döwlet konserni, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy, Geologiki maglumatlar merkezi hem-de dolandyryş müdirlikleri we edara-kärhanalary üçin “Peýdaly magdanlary gözlemegiň we barlamagyň geofiziki usullary” hünäri boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar.
Kafedra “Peýdaly magdanlary gözlemegiň we barlamagyň geofiziki usullary” hünäri boýunça ýokary bilimli dag inženeri-geofizikleri goýberýär.
Kafedranyň düzümine şu aşakdakylar degişlidir:
- Seýsmiki barlaglaryň netijelerini teswirlemek tejribehanasy;
- Meýdan geofiziki barlag usullary tejribehanasy;
- Guýularyň geofiziki barlaglary we petrofizika tejribehanasy;
- Guýularyň geofiziki barlag usullary tejribehanasy.