Dag  işleri  kafedrasy 2019-njy ýylda  döredildi. Kafedra  Geologiýa  fakultetiniň düzüm  bölegi  bolmak  bilen, uniwersitetiň  möhüm gurluş   bölümleriniň   biridir.

     Kafedranyň  esasy  wezipesi  okuw-terbiýeçilik, ylmy-barlag  we taslama  işlerini  döwrüň  talabyna  laýyklykda  guramak  we  ýola goýmak  bolup  durýar.

       Ýagşygeldi  Kakaýew  adyndaky Halkara   nebit  we  gaz  uniwersitetiniň  Geologiýa  fakultetiniň  Dag  işleri kafedrasynda  Türkmenistanyň  Nebitgaz  toplumynyň “Türkmengaz” döwlet  konserni, “Türkmennebit”  döwlet   konserni, “Türkmengeologiýa”  döwlet korporasiýasy,  “Türkmenhimiýa” döwlet  konserni,  Türkmenistanyň  Senagat  we  gurluşyk  önümçiligi   ministrligi   we  pudaklaýyn  dolandyryş    edara-kärhanalary   üçin “Gazylyp  alynýan  peýdaly  magdanlary  baýlaşdyrmak”  hünäri   boýunça  ýokary  bilimli  hünärmenler   hem-de “Dag   işleri”  taýýarlyk  ugry  boýunça   bakalawrlar   taýýarlanylýar.

     Kafedra “Gazylyp  alynýan  peýdaly  magdanlary  baýlaşdyrmak” hünäri   boýunça  ýokary bilimli  dag  inženerlerini   hem-de  “Dag işleri”  taýýarlyk  ugry  boýunça  bakalawrlary  goýberýär.

     Kafedranyň  düzümine  şu  aşakdakylar degişlidir:

     -  Buraw-partladyş  işleri  tejribehanasy;

     -  1 sany  kompýuter  otagy.

img