Çyzuw we materiallaryň garşylygy kafedrasy 2012-nji  ýylda döredildi. Kafedra Geologiýa fakultetiniň düzüm bölegi bolmak bilen, uniwersitetiň möhüm gurluş bölümleriniň biridir.

      Kafedranyň  esasy  wezipesi  okuw-terbiýeçilik, ylmy-barlag  we  taslama  işlerini  döwrüň  talabyna   laýyklykda  guramak  we   ýola goýmak,  ykdysady  taýdan  amatly  inžener  çözgütlerini  kabul  edip  bilýän   ýokary  derejeli   hünärmenleri  taýýarlamak  bolup  durýar.

      Kafedrada  “Çyzuwly   geometriýa,  inžener  we  kompýuter  grafikasy”, “Materiallaryň  garşylygy” we “Kompýuter grafikasy”  dersleri boýunça  bilim  berilýär. Bu   dersleri  özleşdirmek  beýleki  esasy  inženerçilik   dersleri  çuňňur  öwrenmekde   we  çyzgylary  awtomatiki usulda  taýýarlamak  üçin  kompýuter  grafikasynyň  mümkinçiliklerinden   netijeli  peýdalanmakda   zerur   bolup  durýar. 

      Kafedranyň   düzüminde  dürli görnüşli   materiallaryň  süýnmä, gysylma, egrelmä,  kesilmä,  towlanma   bolan   synaglaryny  geçirmäge,  şeýle-de  balkalar  ýüklenende  olaryň  kesiklerinde  ýüzeçykýan  ýaý bermeleri   kesgitlemäge, gurnawlarda   emele  gelýän  deformasiýalary (dartgynlylyklary)   ölçemäge  mümkinçilik  berýän  abzallar  bilen enjamlaşdyrylan   Materiallaryň  garşylygy  tejribehanasy  bar.

      Kafedranyň  düzümine  şu  aşakdaky  degişlidir:

      - Materiallaryň  garşylygy  tejribehanasy.

img