Senagat gurluşygy we geodeziýa kafedrasy 2012-nji ýylda döredildi. Kafedra Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň düzümine degişli bolmak bilen, uniwersitetiň gurluş bölümleriniň biridir.
Kafedranyň esasy wezipesi okuw-terbiýeçilik, ylmy-barlag we taslama işlerini döwrüň talabyna laýyklykda guramak we ýola goýmak bolup durýar.
Kafedranyň esasy maksady ylym-bilim we terbiýeçilik işlerini döwrebap guramakdan, usuly görkezmeleriň, gollanmalaryň okuw-usulyýet, ylmy-barlag we taslama işleriniň esasy görnüşlerini düzgünleşdirmekden we olaryň esasynda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň Senagat gurluşygy we geodeziýa kafedrasynda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň “Türkmengaz” döwlet konserni, “Türkmennebit” döwlet konserni, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy hem-de dolandyryş müdirlikleri we edara-kärhanalary üçin “Nebitgaz desgalary we senagat gurluşygy” hünäri boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar.
Kafedra “Nebitgaz desgalary we senagat gurluşygy” hünäri boýunça ýokary bilimli inžener -gurluşykçylary goýberýär.
Kafedrada bu hünär boýunça Owganys tanly talyplar hem bilim alýarlar.
Kafedranyň düzümine şu aşakdakylar degişlidir:
- Gurluşyk materiallarynyň we konstruksiýalarynyň synagy tejribehanasy;
- Geodeziýa abzallaryny öwreniş tejribehanasy;
- Gurluşyk materiallary tejribehanasy.