Nebit we gaz känleriniň maşynlary we enjamlary kafedrasy 2013-nji ýylda döredildi. Kafedra Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň düzüm bölegi bolmak bilen, uniwersitetiň gurluş bölümleriniň biridir.
Kafedranyň esasy wezipesi okuw-terbiýeçilik, ylmy-barlag we taslama işlerini döwrüň talabyna laýyklykda guramak we ýola goýmak bolup durýar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň Nebit we gaz känleriniň maşynlary we enjamlary kafedrasynda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň “Türkmengaz” döwlet konserni, “Türkmennebit” döwlet konserni, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy hem-de dolandyryş müdirlikleri we edara-kärhanalary üçin “Nebit, gaz känleriniň maşynlary we enjamlary” hünäri boýunça ýokary bilimli hünärmenler, “Tehnologiki maşynlar we enjamlar” taýýarlyk ugry boýunça bakalawrlar taýýarlanylýar.
Kafedra “Nebit, gaz känleriniň maşynlary we enjamlary” hünäri boýunça ýokary bilimli inžener-mehanikleri, “Tehnologiki maşynlar we enjamlar” taýýarlyk ugry boýunça bakalawrlary goýberýär.
Kafedranyň düzümine şu aşakdakylar degişlidir:
- “ZJ-70 DBS” kysymly buraw desgasynyň makedi;
- Çuňlukdan nebit sorujy enjamyň stendi;
- Buraw enjamlary;
- 1 sany kompýuter otagy.