Fizika we elektronika kafedrasy 2012-nji ýylda döredildi. Kafedra Energetika we inenerçilik desgalary fakultetiniň düzüm bölegi bolmak bilen, uniwersitetiň gurluş bölümleriniň biridir.
Kafedranyň esasy wezipesi ylym-bilim we terbiýeçilik işlerini döwrebap guramakdan, usuly görkezmeleriň, gollanmalaryň okuw-usulyýet, ylmy-barlag we beýleki işleriň esasy görnüşlerini düzgünleşdirmekden we olaryň esasynda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr.
Fizika dersi tehniki ýokary okuw mekdeplerinde energetika, nebitgaz, geologiýa, kompýuter, kibernetika we beýleki inženerçilik ugurlary boýunça bilim alýan talyplar üçin derwaýys bolup durýar.
Fizika we elektronika kafedrasynyň professor-mugallymlary uniwersitetiň ähli fakultetleriniň talyplaryna fizika derslerinden umumy, amaly we tejribe okuw sapaklary boýunça bilim berýärler. Bu bolsa ylmy-barlag we taslama işlerini talabalaýyk ýerine ýetirmekde uly ýardam bermek bilen, hünärmenleriň inžener-tehniki taýýarlygynda esasy orna eýedir.
Fizika we elektronika kafedrasynda yzygiderli okuw-usuly we ylmy seminarlar geçirilýär.
Kafedranyň düzüm bölegine aşakdakylar degişlidir:
- EM-01 Mehanikawe akustika tejribehanasy;
- EM-02 Molekulýar fizikasynyň termodinamikasy tejribehanasy;
- EM-03 Elektrik we magnetizm tejribehanasy;
- EM-04 Geometrik we tolkun optikasy tejribehanasy;
- EM-05 Atom ýadrosynyň fizikasy tejribehanasy;
- EM-20 Himiýa önümçiliginiň maşynlary we enjamlary tejribehanasy.