Nebit we  gaz  pudagynyň  ykdysadyýeti  we  dolandyrylyşy  kafedrasy  2012-nji  ýylda  döredildi. Kafedra Ykdysadyýet we dolandyryş  fakultetiniň  düzüm  bölegi  bolmakbilen, uniwersitetiň  gurluş  bölümleriniň  biridir.

      Kafedranyň  esasy  wezipesi  okuw-terbiýeçilik, ylmy-barlag we taslama işlerini döwrüň talabyna laýyklykda guramak we ýola goýmak  bolup  durýar.

      Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň Nebit we gaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy kafedrasynda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň  “Türkmengaz” döwlet konserni, Nebit we gaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyş  döwlet  konserni, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy hem-de dolandyryş  müdirlikleri  we  edara-kärhanalary  üçin  “Ykdysadyýet we  dolandyryş  (nebitgaz  pudagynda)” hünäri  boýunça  hünärmenler we “Ykdysadyýet  we  dolandyryş  (nebitgaz pudagynda)”, “Logistika  (nebitgaz pudagynda)”, “Işgärleri  dolandyryş (nebitgaz pudagynda)” taýýarlyk   ugurlary  boýunça  ýokary  bilimli  bakalawrlar  taýýarlanylýar.

      Kafedra  “Ykdysadyýet   we   dolandyryş  (nebitgaz  pudagynda)”  hünäri boýunça  ýokary  bilimli   inžener-ykdysatçylary   hem-de “Ykdysadyýet  we  dolandyryş  (nebitgaz  pudagynda)”, “Logistika (nebitgaz  pudagynda)”, “Işgärleri  dolandyryş (nebitgaz  pudagynda)” taýýarlyk   ugurlary  boýunça  bakalawrlary  goýberýär.

      Kafedranyň düzümine şu aşakdakylar degişlidir:

     - Ykdysady-matematiki modelirleme we ykdysady maglumatlary işläp taýýarlamagyň awtomatlaşdyrylyşy tejribehanasy;

     - 1 sany  diplom  işlerine taýýarlyk  otagy.

img