Bedenterbiýe  kafedrasy   2012-nji   ýylda  döredildi. Kafedra  Ykdysadyýet   we dolandyryş  fakultetiniň  düzüm  bölegi   bolmak bilen,   uniwersitetiň  gurluş  bölümleriniň  biridir.

      Kafedranyň  esasy  wezipesi   talyp  ýaşlaryň  arasynda   okuw-terbiýeçilik  işlerini  alyp  barmak  bilen,   sport  we  köpçülikleýin-bedenterbiýe  hereketiniň  ösmegi, sagdyn  durmuş ýörelgelerini   wagyz  etmek  üçin  giňişleýin  çäreleri  durmuşa  geçirmekden hem-de   talyplaryň   saglygyny  berkitmekden   ybarat  bolup  durýar.

      Uniwersitetde häzirki zaman sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ýapyk sport toplumy hereketedýär we onda talyplaryň saglygyny berkitmek, sporta bolan höweslerini artdyrmak üçin şertler döredilendir. Uniwersitetiň talyp türgenleri döwlet we halkara derejesinde  geçirilýän  sport  ýaryşlaryna  işjeň   gatnaşyp, baýrakly   orunlara  mynasyp  bolýarlar.

      Kafedranyň   düzümine şu  aşakdakylar degişlidir:

   -  1 sany sport  zaly  (woleýbol, basketbol,  kiçi  futbol  meýdançalary);

   - 1 sany gimnastika  zaly;

   - 1 sany  suwda  ýüzülýän  basseýn;

   - 1 sany  boks  we  trenažor zaly;

   - 1 sany  uly  futbol  meýdançasy;

   - 1 sany  ylgaw  meýdançasy;

   - 1 sany  kiçi   futbol  meýdançasy;

   - 1 sany  basketbol  meýdançasy;

   - 2 sany uly   tennis  meýdançasy;

   - 6 sany woleýbol  meýdançasy;

   - 3 sany kiçi tennisstoly.

img