Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary kafedrasy 2013-nji ýylda döredildi. Kafedra Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň düzüm bölegi bolmak bilen, uniwersitetiň gurluş  bölümleriniň  biridir.

     Häzirki  zaman  kompýuter  tehnologiýalary  kafedrasynda  fakultetleriň   ähli   talyplary  üçin   “Häzirki  zaman  kompýuter   tehnologiýalary”  we  “Sanly  ykdysadyýet”  derslerinden   bilim   berilýär. Kafedrada    geljekki   hünärmenlere  kompýuter   tehnikasynyň esaslary,  enjam  we  programma  üpjünçiligi,  tor, internet   ulgamy  we  olardan  peýdalanmagyň  usullary  barada  nazary  hem-de amaly sapaklar  berilýär. Talyplara   kompýuterleşdirilen  edaralarda   işiň   gurnalyşyna  anyk  baha  bermek, onuň netijeleri   boýunça geljege   gönükdirilen  esaslandyrylan   dolandyryş   çözgütlerini   kabul  etmek,   kompýuter   tehnikasyny   we sanly ykdysadyýeti giňişleýin   ornaşdyrmak, programma   üpjünçiligini   dolandyrmak,  kompýuter  ulgamynda   dörän  näsazlyklary   aradan   aýyrmak, maglumatlary  goramak   barada   döwrebap   bilim  berilýär.

     Häzirki  zaman  kompýuter  tehnologiýalary  kafedrasynyň   ussat, halypa   mugallymlary talyplara  döwrebap  bilim  bermek, olary ylmy işlere  işjeň  çekmek, Türkmenistanyň  ýokary okuw  mekdepleriniň  talyplarynyň arasynda  geçirilýän  ders  bäsleşiklerine  gatnaşdyrmak  we   baýrakly  orunlara  mynasyp  bolmaklary  üçin  degişli  işleri  alyp barýarlar.

     Kafedranyň düzimine:

     -  6 sany kompýuter otagy degişlidir.

img