Himiýa we energetika kafedrasy 2021-nji ýylda döredildi. Kafedra Balkanabat bölüminiň Nebitsenagaty   fakultetiniň düzüm bölegi bolmak bilen, uniwersitetiň möhüm gurluş bölümleriniň biridir.

      Kafedranyň esasy wezipesi okuw-terbiýeçilik, ylmy-barlag we taslama işlerini döwrüň  talabyna laýyklykda guramak we ýola goýmak bolup durýar.

      Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň Nebitsenagaty fakultetiniň Himiýa we energetika kafedrasynda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň  “Türkmengaz”  döwlet   konserni, “Türkmennebit” döwlet   konserni, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni hem-de dolandyryş müdirlikleri we edara-kärhanalary üçin “Elektrik üpjünçiligi”, “Senagat  desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy” we  “Nebiti we gazy gaýtadan  işlemegiň  himiki tehnologiýasy” hünärleri boýunça ýokary bilimli hünärmenler, “Elektroenergetika we elektrotehnika” taýýarlyk ugry boýunça bakalawrlar taýýarlanylýar.

      Kafedra “Elektrik üpjünçiligi” hünäri boýunça inžener-elektrikleri, “Senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy”  hünäri  boýunça inžener-elektromehanikleri, “Nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki  tehnologiýasy”  hünäri  boýunça inženerhimik-tehnologlary, “Elektroenergetika we elektrotehnika”  taýýarlyk ugry boýunça bakalawrlary goýberýär.

      Kafedranyň düzümine şu aşakdakylar degişlidir:

      - Umumy we organiki däl himiýa tejribehanasy;

      - Elektrotehnika tejribehanasy;

      - “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazylmytaslama” institutynda Nebitgaz we himiýa tehnologiýasy  binýatlyk kafedrasy.

img