img

     Ýagşygeldi  Kakaýew  adyndaky Halkara  nebit  we  gaz  uniwersitetiniň  Nebit  we  gaz  fakulteti 2012-nji  ýylda  döredildi.

     Fakultetde  Nebit  we  gaz  guýularyny  burawlamak, Nebit  we  gaz  ojaklaryny özleşdirmek,  Nebit  gaz  geçirijilerini  we  nebitgazyň  saklanýan  ýerlerini  taslamak,  gurmak  we ulanmak  hem-de  Diller kafedralary hereket  edýär.

     Fakultetde “Nebit  we  gaz  guýularyny  burawlamak”, “Nebit  we  gaz  känlerini  özleşdirmek  we  ulanmak”  we “Nebitgazgeçirijilerini  we  nebitgazyň  saklanýan  ýerlerini  taslamak, gurmak  we   ulanmak”  hünärleri boýunça dag  inženerleri,  “Nebitgaz  işi”  taýýarlyk   ugry  boýunça  bakalawrlar  hem-de  magistrler  goýberilýär. Olar  okuwy  tamamlanlaryndan  soňra  Türkmenistanyň  Nebitgaz  toplumynyň  “Türkmengaz”, “Türkmennebit”  döwlet   konsernlerinde, “Türkmengeologiýa” döwlet  korporasiýasynda  hem-de “Türkmengaz”  döwlet  konserniniň  Ylmy-barlag  tebigy  gaz  institutynda,  ylmy-barlag  institutlarynda, degişli  pudaklaýyn dolandyryş  edaralarynda  zähmet  çekýärler.

     “Türkmengaz”  döwlet   konserniniň  Ylmy-barlag   tebigy  gaz  institutynda  fakultetiň  kafedralaryna  degişli  binýatlyk   kafedrasy hereketedýär. Talyplar  bu  kafedrada  nazaryýetde alan bilimlerini  önümçilikde  pugtalandyrýarlar, ylmy-barlag  we taslama  işlerine  işjeň  gatnaşýarlar.

     Nebit  we  gaz  fakultetiniň  okuw  binasynyň   okuw   otaglary  häzirki  zaman   enjamlary  bilen  enjamlaşdyrylan. Fakultetde  diplom  we  ýyllyk  taslamalary,  lingafon   we  kompýuter  otaglary  hem-de  okuw  we ylmy-barlag  işlerini  alyp  barmaga  niýetlenilen  tejribe  hanalar  bar.