Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Energetika we inženerçilik desgalary fakulteti 2012-nji ýylda döredildi.
Fakultetde Senagat gurluşygy we geodeziýa, Kompressorlar we sowadyjy desgalar, Nebit we gaz känleriniň maşynlary we enjamlary, Elektrik üpjünçiligi we awtomatika, Fizika we elektronika we Amaly mehanika kafedralary hereket edýär. Fakultetde “Nebitgaz desgalary we senagat gurluşygy” hünäri boýunça inžener-gurluşykçylar, “Sowadyjy, kompressor maşynlary we desgalary”, “Nebit, gaz känleriniň maşynlary we enjamlary”, “Gazturbina desgalary we gaz kompressor stansiýalary” hünärleri boýunça inžener-mehanikler, “Elektrik üpjünçiligi” hünäri boýunça inžener-elektrikler, “Senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy” hünäri boýunça inžener-elektromehanikler, “Tehnologiki maşynlar we enjamlar”, “Elektroenergetika we elektrotehnika” taýýarlyk ugurlary boýunça bakalawrlar goýberilýär.
Olar okuwy tamamlanlaryndan soňra Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernlerinde,“Türkmenhimiýa” döwlet konserninde, ylmy-barlag institutlarynda, degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda zähmet çekýärler.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde fakultetiň Elektrik üpjünçiligi we awtomatika kafedrasyna degişli binýatlyk kafedra açylyp, talyplar bu kafedrada nazaryýetde alan bilimlerini önümçilikde pugtalandyrýarlar, ylmy-barlag we taslama işlerine işjeň gatnaşýarlar.
Fakultetde ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär. Fakultetiň kafedralarynda “Ýylylyk trubkaly gyzdyrylyş prosesleriniň ýerine ýetirilmeginde ýerasty turbageçirijileriň elektrohimiki korroziýasy barada esasydüşünjeler”,“Gaz- suwuklyk garyndylary we gysylan gazlar üçin nasos-kompressor desgalary seljermek we özleşdirmek”,“Dört taktly içinden ýandyrylýan hereketlendirijiniň (IÝH-niň) gaz paýlaýjy mehanizmini seljermek”,“Infragyzyl kabul edijileri hökmünde 1,6-5,0 μm spektral diapazonda GaSb-In As ulgamdaky geterogurluşlaryň şöhlelenme akymynyň dykyzlygyny kesgitlemek”, “Buraw desgasynyň göteriji mehanizmlerindäki polat tanaplaryň ulanylyş düzgünlerini we gurluşlaryny öwrenmek”, “Rezerwuarda saklanýan benziniň bu garmadan ýitgilerini kemeltmek” temalary boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.
Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň okuw binasynyň okuw otaglary häzirki zaman enjamlar bilen enjamlaşdyrylan. Fakultetde diplom we ýyllyk taslamalaryny ýerine ýetirmek üçin aýratyn otaglar, lingafon we kompýuter otaglary hem-de 35 sany ylmy-barlag işlerini alyp barmaga niýetlenilen tejribehanalar bar.
Energetika we inženerçilik desgalary fakultetinde Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmy-tehniki ösüşe açýan mümkinçiliklerine laýyklykda ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny hem-de energetika senagatynyň ösüşlerine degişli ylmy gurnaklar hereket edýär. “Sanly elektronikanyň esasynda energiýa we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalar”, “Tehnikanyň gadamlary”,“Ýaş mehanikler” we “Ýaş senagat gurluşykçy” atly gurnaklarda mugallymlaryň ýolbaşçylygynda we talyplaryň gatnaşmagynda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän innowasion tehnologiýalary özünde jemleýän, ekologiýa taýdan arassa senagat desgalaryny gurmak, desgalaryň we binalaryň energiýa üpjünçiliginde we howa çalşygynda az energiýa sarp etmek arkaly iň amatly tehniki çözgütleri ýerine ýetirmek boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.
Fakultetiň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň alyp barýan ylmy-barlag işleriniň netijeleri tezisler we makalalar görnüşinde ýerli hem-de daşary ýurt žurnallarynda çap edilýär.
Şeýle hem, fakultetiň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary halkara we döwlet derejesinde geçirilýän çarelere işjeň gatnaşýarlar.