Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakulteti 2012-nji ýylda döredildi.
Fakultetde Umumy himiýa,Nebiti, gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy,Senagat ekologiýasy hem-de Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedralary hereket edýär. Fakultetde “Nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy” hünäri boýunça inžener himik-tehnologlar, “Daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak” hünäri boýunça inžener-ekolog-tehnologlar, “Standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak” hünäri boýunça inžener-tehnologlar,“Himiýa tehnologiýasy”,“Standartlaşdyrmak we metrologiýa” taýýarlyk ugurlary boýunça bakalawrlar hem-de“Uglewodorod gazlaryny gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy”taýýarlyk ugry boýunça magistrler goýberilýär.Olar okuwy tamamlanlaryndan soňra Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernlerinde hem-de“Türkmenhimiýa”döwlet konserninde,ylmy-barlag institutlarynda,degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda zähmet çekýärler.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda weTehnologiýalar merkezinde fakultetiň kafedralaryna degişli binýatlyk kafedralary açylyp, talyplar bu kafedralarda nazaryýetde alan bilimlerini önümçilikde pugtalandyrýarlar, ylmy-barlag we taslama işlerine işjeň gatnaşýarlar.
Fakultetde ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär.Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda göz öňünde tutulan ylmy-barlag işlerinden fakultetiň kafedralarynda“Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda emele gelýän aşgar galyndylaryny peýdaly ulanmagyň usullaryny işläp düzmek”, “Önümçilikde ulanylan mineral ýaglary gaýtadan peýdalanmagyň ylmy esaslaryny işläp düzmek”,“Ýerli çig mal serişdelerinden magnezial önümleri almagyň we ulanmagyň usullaryny işläp düzmek”,“Duzly ýerasty suwlary gaýtadan işlemek arkaly olary ekologiki taýdan rejeli ulanmagyň ýollaryny işläp düzmek”,“Türkmenistanyň senagat suwlaryny toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň usullaryny işläp düzmek”, “Ýerli çig mallardan bezeg daşlaryny almagyň innowasion tehnologiýasy” we “Uglewodorod gazlaryny rejeli ulanmagyň ylmy esaslary” temalary boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan“Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasynyň” Meýilnamasyna laýyklykda, 2022-nji ýylda fakultetde Wodorod energetikasy merkezi döredildi. Bu merkezde wodorod energiýasyny öndürmek boýunça dünýä tejribesi we gelejekde ýurdumyzda ony öndürmekligiň mümkinçilikleri çuňňur öwrenilýär.
Merkeziň meýilnamasyna laýyklykda iri halkara guramalary, daşary ýurt kompaniýalary bilen sanly ulgam arkaly seminarlar, duşuşyklar we maslahatlar geçirilýär. Şeýle hem merkez Türkmenistanyň wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça Milli strategiýasynyň taslamasyny işläp taýýarlamaga gatnaşdy. Häzirki wagtda “Tebigy gazdan wodorod energiýasyny öndürmegiň innowasion tehnologiýasy” ylmy temasy boýunça “Imperial College London” ýokary okuw mekdebiniň “Sustainable Gas Institute” merkezi bilen halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň okuw binasynyň okuw otaglary häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan. Fakultetde diplom we ýyllyk taslamalaryny ýerine ýetirmek üçin aýratyn otaglar, lingafon we kompýuter otaglary hem-de 20 sany okuw we ylmy-barlag işlerini alyp barmaga niýetlenilen tejribehanalar bar.
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetinde Gahryman Arkadagymyzyň eserlerini,Hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatyny, Magtymgulynyň eserleriniň filosofiýasyny öwrenýän, olary wagyz edýän gurnaklar, şeýle hem multimedia enjamlary arkaly ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny hem-de himiýa senagatynyň ösüşlerini öwrenýän ylmy gurnaklar hereket edýär.
Fakultetiň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň alyp barýan ylmy-barlag işleriniň netijeleri tezisler we makalalar görnüşinde ýerli hem-de daşary ýurt žurnallarynda çap edilýär.
Şeýle hem, fakultetiň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary halkara we döwlet derejesinde geçirilýän çarelere işjeň gatnaşýarlar.